Türkmenistanyň Prezidenti we «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany forumyň guralmagy bilen gutlady hem-de onuň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Forum öz ähmiýeti boýunça diňe bir sebit derejeli däl-de, dünýä derejeli taryhy waka bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda «Çalyk Holdingiň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine kompaniýa ynanylan taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ugry boýunça 500 kilowolt güýjenmesi bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Gurluşyk işleriniň bellenilen meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy aýdyldy.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, TOP taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Günorta-Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna hem elektrik energiýasyny üstaşyr ibermäge mümkinçilik berer, bu ýurtlaryň hökümetleri taslamanyň çalt amala aşyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini birnäçe gezek beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işleriň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň hem-de bu taslama bilen baglanyşykly ähli işleriň şertnamada bellenilen möhletde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine «Çalyk Holdingiň» ýolbaşçysynyň ünsüni çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda bildirilen ýokary ynam üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, işewür buýrujy tarapyndan bildirilýän ýokary talaplara eýeriljekdigini, geljekde hem türkmen Lideriniň öňe süren ähli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşjakdyklaryny nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014