Türkmenistanyň Prezidenti täze binalaryň we Awazany ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ugrady. Howa menzilinden Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugur aldy we ýolugra bu ajaýyp künjekde dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Türkmen Lideriniň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň üsti dürli kysymly welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty bilen ýetirildi. «Awazanyň» çäklerinde welosipedleri kärendesine bermek boýunça birnäçe beket döredildi, olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we bu ýerde gurnalan ýörite enjam Gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär. Döwlet Baştutanymyz beketleri işletmegiň ulanylýan usulyny oňlap, beketleri ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýän «Ekowelosiped bekedi» diýip atlandyrylsa maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ekologiýa taýdan arassa diýlip ykrar edilen sportuň bu görnüşiniň barha uly meşhurlyga eýe bolýandygyny belläp, hyzmatlaryň şeýle görnüşlerini yzygiderli ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ýerde ilata edilýän hyzmatlar üçin häzirki zaman töleg ulgamynyň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek, munuň özi olaryň hilini ýokarlandyrmaga hem-de peýdalanyjylar üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine ýardam berer.

Türkmen Lideri tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ulag hereketiniň talabalaýyk guralmagynyň, bellenilen düzgünleriň we kadalaryň berjaý edilişine gözegçiligiň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi. Munuň özi degişli çäreleriň geçirilmegini talap edýär. Şypahana zolagynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak babatynda bu aýratyn ähmiýete eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmen Lideri deňiz şypahanasynda dynç almagyň dürli görnüşlerini ösdürmegiň ähmiýetini belläp, dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlar toplumyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany «Ekowelosiped beketlerinde» hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini giňeltmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz şeýle hem şypahana zolagynyň sport ulgamynyň ösdürilmegine, bu ýerde köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek hem-de dynç alýanlary köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça işlere aýratyn üns berilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutany «Watançy» myhmanhanasynyň çägine gelip, öz welosipedini bu ýerde gurnalan «Ekowelosiped bekedinde» goýdy.

Döwlet Baştutany içeri işler ministri I.Mulikowa ýüzlenip, içeri işler düzüminde polisiýanyň ekowelosiped toparyny döretmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu topary her ýyl sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» biraýlygynyň dowamynda, şeýle hem mekdeplerde we çagalar edaralarynda guralýan şonuň ýaly çärelerde düşündiriş – wagyz işleri görnüşinde peýdalanmak maksadalaýyk bolar.

Soňra Türkmen Lideri sebitleri ösdürmegiň çäklerinde, hususan-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şunda, esasan, kottej görnüşli taslamalar hödürlenilýär, olary kenarýakada bina etmek meýilleşdirilýär, bu ýerde binalaryň aýratynlyklary barada anyk düşünje almaga mümkinçilik berilýär, dürli çyzgylar we eskizler görkezilýär.

Gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň hatarynda kottej görnüşli jaýlar, suw arassalaýjy desga, çagalar we ulular üçin suw howdanlary bolan ýörite myhmanhanalar, tomusky restoran bar. Bu taslamalary amala aşyrmak ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylar.

Bellenilişi ýaly, toplumyň umumy meýdany 10 gektara deň bolup, onda ýylyň islendik paslynda ýaşamak hem-de dynç almak üçin has amatly şertler dörediler. Kottej toplumynda jemi 768 adama niýetlenen 192 otag ýerleşdiriler. Mundan başga-da, onuň çäginde türkmeniň «ak öýi» görnüşindäki desga gurlar.

Döwlet Baştutany taslamalar bilen tanşyp, olar işlenip düzülende ýerli tebigatyň aýratynlyklary hasaba alynmalydyr hem-de adamlaryň dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ekologiýa meselesi hem ünsden düşürilmeli däldir diýip belledi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow şunuň ýaly desgalaryň gurluşygynda olary ulanmagyň aýratynlyklarynyň göz öňünde tutulmalydygyna ünsi çekdi. Kottejlerde köp çagaly maşgalalar üçin ähli şertler hem-de mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Mundan başga-da, binanyň her bir düzümi, şol sanda penjireleriň göwnejaý ýerleşdirilişi möhüm bolup durýar, bu bolsa dynç alýanlara hem-de jahankeşdelere bu täsin künjegiň gözelligini synlamaga mümkinçilik berer.

Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basar. Şunda öňdebaryjy binagärlik we inžener-tehniki çözgütleriň, innowasiýa tehnologiýalarynyň işjeň peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bularyň ählisi Hazaryň kenaryndaky şypahana merkeziniň düzümleriniň kämilleşdirilmegine we giňeldilmegine, onuň halkara syýahatçylygynyň we hyzmatdaşlygyň merkezi hökmündäki ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder.

Durmuş ugurly şunuň ýaly taslamalar durmuşa geçirilende, adamlaryň amatly şertlerde dynç almagy, saglygy, hyzmatlaryň ýokary derejesi esasy ölçegler bolup durýar. Şeýle hem täze toplumlaryň inžener-tehniki we kommunikasiýa ulgamynyň döredilmegi möhüm talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen taslamalar bilen tanyşlygyny tamamlap, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça satyn alnan täze gämini synlamak üçin ýoluny dowam etdi, bu gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gämiler toplumynyň üstüni ýetirdi. Ol syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenendir.

«Rowaç» diýlen ady alan gäminiň ýanynda saklanyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow onuň kapitanynyň hasabatyny kabul etdi. Türkmen Lideri kapitany täze gäminiň gelip gowuşmagy bilen gutlap, şowly ýüzüş arzuw etdi.

Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow Awazanyň düzümleriniň ösdürilmegine, dynç alýanlar üçin häzirki zaman hyzmatlarynyň doly toplumynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berýär. Bu giň gerimli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynyň keşbi has-da gözelleşdi. Bu ýerde halkara ölçeglere laýyk gelýän kaşaň myhmanhanalar, sagaldyş toplumlary, oýun attraksionlary bolan seýilgäh zolaklary, köpugurly sport toplumlary emele geldi. Türkmen topragynyň bu täsin künjegi biziň guwanjymyzdyr, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we myhmansöýerlik ýaly gadymdan gelýän milli ýörelgeleriň aýdyň alamatlarydyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow gämide ýüzüş wagtynda bu künjekde syýahatçylygyň ösdürilmegi, deňiz gatnawlarynyň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi. Şunda deňiz kenarynda hem, deňiz giňişliginde hem dynç alşyň, şol sanda gezelençleriň guralmagyna jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmek gerekdir diýip, döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berdi.

Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, suw we ýer serişdelerini netijeli hem-de tygşytly peýdalanmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin zerur çäreler görülmelidir diýip, Türkmen Lideri nygtady.

Döwlet Baştutany deňizde gezelenji tamamlap, Hazar deňziniň kenarynyň baý tebigy mümkinçilikleriniň doly herekete getirilmegi syýahatçylyk we şypahana düzümleriniň geljekde hem okgunly ösdürilmegine ýardam eder diýip belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow “Rowaç” gämisiniň kapitanyna işde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.

 

Meňzeş täzelikler

2014