«Berkarar» myhmanhanasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy

«Berkarar» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Hazarýaka ýurtlaryň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, sebitiň döwletleriniň dürli ulgamlaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny we tehnologiýalary çekmegiň geljegi uly bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm meseleleri girizildi.

Şeýlelikde, bölümçeleriň biri nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, onuň ugurlaryna we geljegine bagyşlanyldy. Onuň mejlisine «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Petronas» Malaýziýa kompaniýasynyň, «СNРС» hytaý kompaniýasynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Iri daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan işine syn berildi.

Beýleki bölümçede maýa goýum meselesine garaldy. Bu ýerde Bütindünýä bankynyň we Aziýanyň ösüş bankynyň we Kataryň esasy kompaniýalarynyň biri bolan «Al Qamra Holdingiň» ýokary wezipeli wekilleri çykyş etdiler.

Üçünji bölümçe «Senagatlaşdyrmak — geljege garaýyş» diýlip atlandyryldy. Ony bu ulgamda işewürligiň ornuna aýratyn ähmiýet beren Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit baştutany geçirdi. Bu bölümçede Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan amala aşyrylýan iri senagat taslamalary, işewürligi kanunçylyk taýdan goldamagyň Azerbaýjan tejribesine hem-de Gruziýanyň Poti port şäherinde SIZ mysalynda — erkin senagat zolagynyň şowly nusgasyna seredildi.

Iri kompaniýalaryň, banklaryň, assosiasiýalaryň we birleşikleriň 90-synyň wekilleri we ýolbaşçylaryň 300-e golaýy gatnaşan işewürler maslahatynyň ahyrynda Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň çäklerinde geçirilen birža söwdalarynyň jemleri yglan edildi.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna deň bolan geleşikleriň jemi 72-si bellige alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden, Beýik Britaniýadan, Lýuksemburgdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, ABŞ-dan, Singapurdan, Gonkgokdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, A-80 markaly awtobenzini, L-0,2-62 we L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjyny, TC-1 markaly uçar kerosinini nebit koksyny, EKO-5 kysymly gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda işlenip çykarylan EKO-93 markaly awtobenzini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen “B” kysymly karbamid we tehniki ýod walýuta geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, pagta süýümi, portlandsement we aýna önümleri ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, BAE, Özbegistan.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 43 million manatlyk polipropilen satyn aldylar.

Işewürler duşuşygynda edilen jemleýji çykyşda Türkmenistanyň anyk hem-de strategik ugurlary boýunça Hazarýaka döwletleri bilen hem, beýleki sebitleriň ýurtlary bilen hem hyzmatdaşlyga taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezendigi bellenildi.

Soňra HYF-2019-yň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we mejlisleriň barşynda gazanylan ylalaşyklary berkidýän resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Umuman, dürli derejelerde halkara resminamalaryň 57-si kabul edildi, olar maglumatlar tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we maliýe ulgamy, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba we suw hojalygy, sport we beýlekiler ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerine degişlidir.

Soňra güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy. Olaryň biri bilen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisini we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergini gurandygy üçin, Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasy sylaglandy. Bu barada «Messe Frankfurt» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Sergeý Gorskiý gürrüň berdi, onuň wekilçilik edýän kompaniýasy awtomobil senagatynyň sergilerini guramakda dünýäde öňdebaryjylaryň biridir.

Biz bu güwänamany gowşurmak bilen, Türkmenbaşy şäherinde guralan öňdebaryjy tehnologiýalaryň sergisini hem-de ilkinji awtomobil sergisini geçirmek boýunça hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyny gutlaýarys, bu sergi senagatda täze tehnologiýalary, şol sanda awtomobil gurluşyk tehnologiýasyny ilerletmäge ýardam edýär diýip, jenap Gorskiý aýtdy.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu we Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň Baş sekretary Adem Kula güwänamalary gowşurdylar.

ISO standartlaryna laýyk güwänamany Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna Hazar sebiti boýunça «Tatžiýet» kompaniýasynyň baş dolandyryjy direktory Azer Mamadow gowşurdy.

Bu güwänama auditorlar tarapyndan geçirilýän SGS barlagyndan soňra uly işleriň netijeleri boýunça gowşurylýar, ol birža tarapyndan ýerine ýetirilen işlere hem-de ahyrky netijä ýokary baha bermegiň nyşany bolup durýar.

Dabara tamamlanandan soň işewür toparlaryň duşuşygynyň jemleri boýunça habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin brifing geçirildi. Onda ara alyp maslahatlaşylan esasy meseleler, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň bar bolan mümkinçilikleri baradaky netijeler jemlenildi, şeýle hem Türkmenistanyň köpugurly maýa goýum mümkinçiliklerine oýlanyşykly, hemmetaraplaýyn baha berildi.

Onda Hazar ykdysady forumynyň ilkinji gününiň jemleri jemlendi. Onuň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar ykdysady forumyny döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti ýene bir gezek nygtaldy. Sebitiň ýurtlarynyň we olaryň halkara hyzmatdaşlarynyň gepleşiklerini täze meýdançasynyň işe girizilmegini alamatlandyran forumda «Hazar bäşliginiň» durmuş-ykdysady taýdan ösüşi we geljegi uly meýilnamalary babatda doly we hakyky maglumatlary almak, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda iň täze dünýä meýilleri babatda pikir alyşmak, gyzyklandyrýan meseleler boýunça hökümetleriň wekillerinden, ugurdaş ministrliklerden we pudaklaýyn edaralardan, işleri şowly işewürlerden, esasy halkara bilermenlerinden maslahatlary almak mümkindir.

 

Meňzeş täzelikler

2014