Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergi geçirildi

Türkmenbaşy şäherinde birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergi geçirildi.

Ägirt uly çäre Hazarýaka döwletleriň we olaryň hyzmatdaşlarynyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazananlaryny we bar bolan mümkinçiliklerini giňden görkezmäge ýardam berer. Bu giň gerimli gözden geçiriliş iň täze tehnologik işläp taýýarlamalary peýdalanmak boýunça işjeň tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ýaýbaňlandyrmak üçin amatly meýdançadyr.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýaýbaňlandyrylan serginiň dabaraly açylyşyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň wekilleri, birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşýan kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň wekillçilikli gözden geçirilişlere gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Bu çäreler diňe bir Hazarýaka döwletleriň däl, gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlaryň hem söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde bar bolan giň mümkinçilikleri ýakyndan tanyşdyrmakda uly orun eýeleýärler.

Türkmen Lideriniň Gutlagynda bu halkara sergileriň sebitdäki ýurtlaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny, söwda, ulag-üstaşyr, ykdysady, maýa goýum babatdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde uly orun eýelejekdigine ynam bildirilýär.

13,7 müň inedördül meýdany tutýan sergilerde daşary ýurt kompaniýalarynyň 57-si we ýurdumyzyň kompaniýalarynyň 62-si öz gazananlaryny görkezdiler. Ägirt uly serginiň many-mazmuny Hazaryň geljekki gün tertibini kemala getirmekden, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr.

Häzirki wagtda sebite ägirt uly ünsüň berilmegi birnäçe sebäpler bilen şertlendirilendir. Olaryň arasynda ähmiýeti geografik çäklerden has uzaklara ýaýraýan Hazar deňzi esasy orun eýeleýär. Çünki Hazar geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlarda esasy merkezleriň birine okgunly öwrülýär. Bu ýerde deňiz, guryýer we howa ýollaryny, geljegi uly energetik ugurlary özünde jemleýän dünýä derejeli iri ulag-aragatnaşyk ugry kemala gelýär.

Şonuň üçin hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow innowasion tehnologiýalar ulgamynda gazanylanlary görkezmek üçin şertleri döretmegi, tejribe alyşmagy, sebitiň döwletleriniň we dünýä bileleşiginiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegi Hazar innowasion tehnologiýalar halkara serginiň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi.

Sergini 100 inedördül metr meýdanda ýerleşen Türkmenistanyň Milli bölümi açdy, bu ýerde ýurdumyzyň bar bolan ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen durmuşa geçirilýän täze senagat syýasaty öz beýanyny tapdy. Sergide köpugurly önümçiligi döretmek boýunça durmuşa geçirilýän taslamalar, önümçiligiň täzeden enjamlaşdyrylyşy, kuwwatlyklaryň artdyrylyşy hem-de senagatyň dürli ugurlarynda iri maýa goýumlaryň özleşdirilişi görkezildi.

Önümçiligi doly awtomatlaşdyrmakdaky ýagdaýlara, netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, olaryň esasynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we daşary ýurtlara iberilmäge gönükdirilen önümleri çykarmak boýunça iň täze önümçiligi döretmäge aýratyn ähmiýet berlipdir.

Hususan-da, sergide dürli ministrlikleriň, şol sanda energetika, dokma senagaty, söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, gurluşyk we binagärlik ministrlikleriniň diwarlyklary goýlupdyr.

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, ulag-aragatnaşyk toplumynyň agentlikleri, şeýle hem Söwda-senagat edarasy hem-de Döwlet haryt-çig mal biržasy öz işleri barada aýdyň gürrüň berýärler. Milli bölümde bank ulgamyna, suw hojalygyna, saglygy goraýşa we sporta hem uly orun berilýär.

Serginiň gymmatlyklary ýurdumyzy ösdürmegiň ähli ugurlaryny öz içine alýar, onuň jemi içerki önüminiň ösüşi geçen ýedi aýda 6,3 göterime deň boldy. Türkmenistanyň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 30 göterimine ýetdi, olardan daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýy 12 göterim boldy. 2018-nji ýylda maýa goýumlar ABŞ-nyň 11,5 milliard dollaryna deň boldy, olaryň 65 göterimi önümçilik ulgamyna gönükdirildi, netijede, iri senagat toplumlary guruldy, olar innowasiýalar sergisiniň diwarlyklarynda görkezilýär.

Bu ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýakynda açylan gazdan benzin öndürýän zawodyň, Gyýanlydaky polimer zawodynyň, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we beýlekileriň önümlerini görmek bolýar.

Ýurduň senagat ulgamy hem döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça amala aşyrylan möhüm düzümleýin taslamalaryň netijesinde uly üstünliklere eýe boldy. Birnäçe maglumatlary we sanlary mysal getirýäris: 2014-nji ýylda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça uzynlygy 925 kilometr bolan demir ýol şahasy ulanmaga berildi. «Demirgazyk — Günorta» ugry boýunça demir ýol geçelgesiniň gurluşygynyň taslamasy iş ýüzünde amala aşyryldy, ol Ýewraziýa yklymynyň demirgazyk bölegini günorta bölegi bilen birleşdirdi hem-de Pars aýlagynyň terminallaryna çykmaga mümkinçilik berdi. Owganystan ugry boýunça Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly guruldy. 2018-nji ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäheriniň iň täze deňiz porty ulanmaga berildi, ol dürli ugurlar boýunça üstaşyr ýük gatnawlarynyň sanyny birnäçe gezek artdyrmaga mümkinçilik berdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty yklymyň Aziýa böleginden Ýewropa, Baltika sebitine, Gara deňzi, Ortaýer deňzi we Ýakyn Gündogar sebitlerine harytlary ibermek üçin baglanyşdyryjy halka bolup biler.

Bu ýerde şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, bilim, medeniýet ulgamlarynyň, neşirýat gullugynyň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gazananlary görkezilýär, elbetde, sergide ahalteke atlary hem öz mynasyp ornuny aldy. Ýurdumyzyň welaýatlary, şeýle hem daşary ýurtlaryň kompaniýalary we firmalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýan türkmen telekeçileriniň işleri barada gürrüň berilýär.

Türkmenistanyň hususy ulgamy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan görkezilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmekde, içki bazary daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen doldurmakda, eksportyň möçberini giňeltmekde bu ulgama uly orun berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iş ýüzünde öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary ulanmak bilen, iri möçberli şähergurluşyk taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar. Şu ugurda telekeçiler tarapyndan türkmen paýtagtynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyklary görkezmek bolar. Bu ýerlerde telekeçiler durmuş ähmiýetli desgalaryň ýüzlerçesini tabşyrdylar.

Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, harytlaryň, enjamlaryň, hyzmatlaryň we tehnologiýalaryň dürli görnüşleriniň bazarynda öňdebaryjylar «THALES», «HYUNDAI», «CNPC», «Petronas», «LG», «Schlumberger», «DragonOil», «Buig», «JohnDeere», «Itochu», «ZEPPELIN», «Vinci», «Sumitomo», «Huawei», «GeneralElectric» we beýlekiler bar.

Türkmen bazaryna girmäge çalyşýan we Türkmenistanda şular ýaly çärelere ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar hem bu ýerde öz gazananlaryny we tejribelerini paýlaşdylar.

Daşary ýurtly sergä gatnaşyjylar innowasiýalar sergisinde bäş müňe golaý inedördül meýdany eýelediler. Öz diwarlyklaryny Hazarýaka sebitiň ýurtlary — Gazagystan, Eýran, Azerbaýjan we Russiýa Federasiýasy, şol sanda Tatarystan Respublikasy we Astrahan oblasty ýaýbaňlandyrdylar, olaryň wekiliýetleri Hazar ykdysady forumyna gatnaşýarlar. Sergä diňe işewür toparlar däl-de, eýsem, hünärmenler, öňdebaryjy alymlar we bilermenler uly gyzyklanma bildirdiler.

Bu ýerde öz studiýalaryny türkmen teleýaýlymlary gurnadylar, olar wakanyň bolýan ýerinden gepleşikleri taýýarlap, göni ýaýlyma çykýarlar. Žurnalistleriň işlemegi üçin oňat üpjün edilen metbugat merkezi hereket edip, ol ýerde serginiň wakalaryna we tanyşdyryş çärelerine onlaýn düzgüninde tomaşa edip, zerur bolan maglumatlary tapmak bolýar.

Bu ýere gelenler innowasiýalar sergisinden beýleki uly pawilýona geçýärler, bu ýerde awtomobil sergisi guralyp, ol täze we meşhur awtomobilleri ýakyndan görmäge we baha bermäge mümkinçilik berýär. Olar, mysal üçin, Russiýanyň «LADA» we «AURUS», şeýle hem «KAMAZ» we «GAZ» awtoulaglarynyň tutuş bir hatarydyr.

Öz önümlerini Azerbaýjanyň «Azermaş» awtomobil zawody görkezdi, ol «Khazar» ýeňil awtoulaglarynyň täze görnüşlerini çykaryp başlady, bu ýerde Eýranyň «Iran Hodra», Özbegistanyň «UzAvto Motors», Belarusuň «MAZ» önüm öndürijileri bar.

Dünýäde ýokary hiliň, owadanlygyň hem-de ygtybarlylygyň nusgasy hasaplanýan german önümçiliginiň awtoulaglary bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Olaryň hatarynda «Mercedes», «Volkswagen», «BMW», «AUDI» awtoulaglaryň nusgalary bar.

Dünýäde meşhur ýapon awtomobil senagaty «Toyota», «Lexus», «Mazda» we «Mitsubishi» ýaly kysymly maşynlar arkaly görkezildi. Öz awtosenagatyny Koreýa Respublikasy «Hyundai» maşynlary, Hytaý bolsa «Youtong» awtobusy bilen tanyşdyrdy.

Iňlis awtoulaglary amatlylyklary we zynatlylygy bilen tapawutlanýar. Munuň şeýledigini sergide görkezilen «Bentleý» maşyny hem tassyklady. «Lamborghini» italýan kysymly gymmat sport awtomobiliniň hem duşundan parhsyz geçmek mümkin däl.

Bu ýerde awtoulaglar bilen bir hatarda 1966-njy ýylda çykarylan gymmatbahaly «Craysler» motosikl we welosipedleriň iň häzirki zaman nusgalaryny hem görmek bolýar.

70-den gowrak awtoulaglar ýerleşdirilen bölümden başga bu ugurdaky sergi açyk asmanyň astynda hem ýaýbaňlandyrylypdyr.

Hazar innowasion tehnologiýaly halkara serginiň işiniň barşynda birža söwdalary hem guralyp, olara Türkmenistanda öndürilen önümler çykaryldy. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan geçirilen söwdalarda ýüzden gowrak daşary ýurtly kompaniýalar bäsleşdiler. Satyn alyjylaryň çäkleri örän giň — olar ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Estoniýanyň, Şweýsariýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň kompaniýalarynyň wekilleridirler. Söwdalara Gonkongdan, Singapurdan, Lýuksemburgdan, Maltadan, Owganystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen işewürler, şeýle hem türkmen telekeçileri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda amala aşyrylýan geleşikleriň hatarynda nebit önümleri we nebithimiýa senagatynyň önümleri, benzin, dizel ýangyjy, polipropilen, uçar kerosini, suwuklandyrylan gaz, tehniki ýod, karbamid, tehniki kükürt we beýlekiler bar. Ýurdumyzyň dokma senagatynyň, oba hojalygynyň we gaýtadan işleýän pudaklarynyň önümleri hem eksportyň esasy görnüşlerini düzýär.

Meňzeş täzelikler

2014