Özbegistanyň awtomobil senagaty Türkmenistanyň nebitgaz pudagy üçin 800 sany awtobus getirer

Türkmenistan nebitgaz pudagy üçin Samarkand awtomobil zawodynda öndürilýän «ISUZU» kysymly awtobuslaryň 800 sanysyny satyn almagy meýilleşdirýär. «Özbegistanyň täzelikleri» internet-neşiriniň habar bermegine görä, bu barada ylalaşyk Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji hazar ykdysady forumynyň çäklerinde gazanyldy.

— Awtobuslar nebitgaz pudagynyň wahtalaýyn usulda zähmet çekýän işçilerini gatnatmak üçin niýetlenendir — diýip dilerlik kompaniýasynyň direktory Fahriddin Bakiýew belledi. Ol Özbegistanyň awtomobil senagatyna wekilçilik etdi.

Ýatlatsak, birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanda ilkinji «Türkmen sährasy – 2019» halkara awtomobil sergisi hem geçirildi. Bu sergide öňdebaryjy awtomobil senagatynyň iň häzirki zaman awtomobilleri görkezildi. Olaryň hatarynda: Lamborghini, Bentley, Rolls Royce, Mercedes Benz, BMW, General Motors, Mini, Toyota, Aurus we beýlekiler bar.

Meňzeş täzelikler

2014