Daşary ýurtly maýadarlar Türkmenistanda tebigy gazdan metanol öndürýän zawody gurmagy teklip etdiler

Ýewropanyň “Edison Technologies”, “MMEC Mannesmann GmbH” we “Air Liquide Global E&C Solutions” hem-de Hytaýyň “SINOPEC Engineering Group” kompaniýalaryndan ybarat bolan konsorsium Türkmenistanda tebigy gazdan metanol öndürjek zawod boýunça maýa goýum taslamasyny hödürledi. Bu iri möçberli taslama 11–12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň dowamynda prezentasiýa edildi.

— Metanoly himiýa, plastika, faner, boýag, lak, kosmetika we suwuk energiýa serişdeleriň önümçiliginde giňden ulanylýar hem-de bütindünýä bazarynda metanola bolan talap barha ýokarlanýar — diýip, “Edison Technologies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Edison Kasapoglu belledi.

Konsorsiumyň wekiliniň bellemegine görä, metanoly köp sarp ediji ýurtlar Aziýa hem-de Ýewropa döwletleri, hususan-da Germaniýa we Hytaý bolup durýar. Metanola bolan talabyň barha artmagynyň esasy sebäbi onuň "suwuk energiýa" üçin ulag ýangyjy hökmünde ulanylmagydyr.

Himiýa senagatynda metanolyň ulanylyşynyň giňeldilmegi geljekde bu senagatda metanolyň esasy çig mal boljakdygyny aňladýar.

Türkmenistan Russiýadan, Eýrandan we Katardan soňra tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji ýerde durýar. Ýurtda durmuşa geçirilýän energetika strategiýasy tebigy gazyň ulanylyşyny diwersifikasiýa etmegi, şol sanda gazhimiýanyň dürli görnüşli taýýar önümlerini öndürmegi göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, şu ýylyň iýun aýynda Ahal welaýatynda täze senagat toplumy — tebigy gazdan ECO-93 sintetik benzinini öndürýän zawod işe girizildi.

 

Meňzeş täzelikler

2014