Lebap welaýatynda awtoulaglara ýangyç guýujy döwrebap beketleriň gerimi giňeldilýär

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň Hojalyk hasaplaşygyndaky Lebap abatlaýyş-gurluşyk meýdançasynyň gurluşykçylary 2 sany täze ýangyç guýujy beketleriň (ÝGB) gurluşygyna başlady.

Beketleriň her biri gije-gündizde 500 awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenip, elektron dolandyryş ulgamly ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün ediler. Bu bolsa, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň dessinligini we ýokary hilini üpjün eder. Beketleriň gurluşygynda häzirki zaman we ýanmaýan bezeg materiallary ulanylar. Ýangyç guýujy beketleriň çäkleri abadanlaşdyrylar, desgalaryň aýratynlygyna görä, ýagtylandyryş ulgamy gurnalar.

ÝGB her birinde awtoýuwalgalar üçin bokslar, ekspress hyzmatlar we ownuk abatlaýyş işleri, ätiýaçlyk şaýlaryny satmak üçin otaglar, jemgyýetçilik naharhanasy göz öňünde tutular.

Şol ýangyç guýujy beketleriň biri Türkmenabat-Gazojak awtomobil ýolunyň ýakynynda, Darganata etrabynda ýerleşýän metjidiň golaýynda, beýlekisi Çärjew etrabynyň J.Häkimow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýär.

Çärjew we Darganata etraplaryndaky häzirki zaman beketleri şu ýylyň ahyryna çenli ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, Lebap welaýatynda awtoulaglara ýangyç-guýujy täze beketler her ýylda gurulýar. Netijede, 2017-nji ýylyň dekabrynda Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherinde täze AÝGB işe girizildi. 2018-nji ýylyň dekabrynda bolsa, Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze AÝGB ulanyşa girizildi.

Umuman, Türkmenistanda awtoulaglara ýangyç guýujy döwrebap beketleriň gerimi ýylyň-ýylyna giňeldirýär. Olar iň ýokary hil ülňülerine laýyk gelýär.

Türkmenistanda içerki bazary ýerli önümçilikdäki ýangyç-çalgy materiallary bilen doly üpjün edýär. Hiliniň oňat bolmagy, önümleriň bir böleginiň beýleki ýurtlara eksport edilmegine ýardam berýär.

Şu ýylyň ortasyna çenli ýurtda awtobenzin Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilýärdi. 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawodyň işe girizilmegi bilen Türkmenistanyň AÝGB-lerinde EURO-5 ülňülerine laýyk gelýän ECO-93 kysymly gazbenzinleri ýaýradylyp başlandy.

 

Meňzeş täzelikler

2014