Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasy türkmen gazynyň eksport möçberlerini artdyrar

Hytaý Milli Nebitgaz Korporasiýasy (CNPC) we «Uzbekneftegaz» paýdarlar jemgyýeti Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamaga girişdirler. Bu gaz geçirijiniň çig mal binýady hökmünde Türkmenistanyň gaz känleri çykyş edýär. Täze şaha Surhanderýa welaýatynyň çäklerinden geçip, Özbegistanyň gaz infrastrukturasyny täze energetika magistralynyň täjik bölegi bilen birleşdirer.

Täjigistanda bu taslamany «Trans-Tajik Gas Pipeline» kompaniýasy amala aşyrýar. Bu kompaniýa CNPC bilen «Täjiktransgaz» paýdarlar jemgyýeti tarapydnan döredilen bilelikdäki kärhanadyr. Häzirki wagtda Alaý daglarynda gaz geçirijiniň ugrunda birinji desganyň — uzynlygy 1,56 km uzynlykdaky tuneliň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Şu ýylda ýene-de dört sany tuneliň gurluşygyna başlamak göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý ugry boýunça geçýän üç sany parallel şahadan (A, B we Ç) ybarat. HHR-e gaz ibermeleriniň esasy bölegini — ýylda 35-40 mlrd kub metri Türkmenistan üpjün edýär.

D şahasy Türkmenistanyň serhedinden başlap Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäkleri boýunça geçiriler. Ol Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň günorta we merkezi bölegine gaz ibermek üçin niýetlenendir. Onuň uzynlygy 1000 km, geçirijilik ukyby – ýylda 30 mlrd kub metre ýetýär. Taslamanyň umumy bahasy – 6,7 mlrd amerikan dollaryna barabar.

Taslama gatnaşyjy döwletleriň ählisiniň hökümetleri Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygyna gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şeýlelikde, HHR-de oňa tebigy gazyň importyny diwersifikasiýalaşdyrmakda nobatdaky möhüm ädim hökmünde garaýarlar.

Hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň ulanyşa girizilmegi netijesinde Türkmenistandan HHR-e iberilýän tebigy gazyň möçberleri ýylda 65 mlrd kub metre çenli artar.

Meňzeş täzelikler

2014