Owganystan Türkmenistan bilen iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar — ilçi

Owganystan iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde sebitiň döwletleri, hususan-da, doganlyk Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. Bu barada Owganystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Mirwais Nab Aşgabatdaky owgan ilçihanasynda Owganystanyň garaşsyzlygynyň 100-ýyllygy mynasybetli gurnalan dabaraly kabul edişlikde eden çykyşynda belledi.

Owganystany gülläp ösýän döwlete öwürmäge gönükdirilen taslamalaryň hatarynda diplomat TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan we Türkmenistan – Hyrat demir ýol geçelgesiniň, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan we Türkmenistan – Özbegistan – Täjigistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygyny belläp geçdi.

Ilçi şeýle hem, Turgundy — Hyrat — Çemen awtomagistralynyň, Çabahar — Howaf — Hyrat demir ýolunyň gurluşygyny, «CASA-1000» energetiki köprüsiniň we «Lazurit» üstaşyr geçelgesiniň döredilmegini Kabulyň geljegi uly taslamalaryň hataryna goşýandygyny belledi.

Mirwais Nabyň belleýşi ýaly, bu taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze iş orunlarynyň döremegine, tutuş sebitiň durmuş taýdan abadanlaşmagyna, şeýle hem ekstremize we terrorizme garşy düýpli göreş alyp barmaga ýardam eder.

Diplomatyň belleýşi ýaly, durnukly parahatçylygyň bolmagy, adalatyň, durnuklylygyň pugtalandyrylmagy, şeýle hem Owganystanyň ykdysady ösüşi owgan halkynyň esasy arzuwydyr.

 

 

Meňzeş täzelikler

2014