Nebitçileriň «Arzuw» sagaldyş merkezi çagalara şatlyk paýlaýar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy türkmenistanlylaryň iň söýgüli künjegine öwrüldi. Deňiz kenarýakasynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan köp sanly sagaldyş merkezleriniň gurulmagy netijesinde bu ýerde dynç almaga gelýän adamlaryň sany barha artýar.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» çagalar sagaldyş merkezi dynç almaga gelýänleriň iň söýgüli ýerleriniň biridir. Merkez 15 gektar meýdanda ýerleşýär we birbada 900 sany dynç alýanlary kabul edip bilýär.

Türkmenbaşydan we Seýdiden nebitçileriň çagalary merkeziň myhmanlarynyň ýarysyna barabar bolýar. Çagalar bu ýerde bellenilen nyrhdan on esse arzan bolan ýeňillikli ýollanmalar arkaly dynç alýarlar. Merkezde çagalaryň sport, sungat, intellektual başarnyklarynyň doly derejede ýüze çykmagy üçin ähli zerur şertler döredilendir.

2010-njy ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilen ýokary derejeli dynç alyş merkezleriniň ençemesini ilkinji meýdançasy bolan «Arzuw» sagaldyş-dynç alyş merkezinde häzirki zaman sport we medeni-dynç alyş desgalary bar. Dynç alýanlaryň hyzmatynda ýüzülýän basseýn, futbol meýdançasy, tennis korty, mini-futbol, basketbol, woleýbol oýnamak üçin meýdança bar.

Merkeziň hereket edip başlan döwründen bäri, bu ýerde on müňlerçe dynç aldy we çaga arzuwlaryny bu ýerde durmuşa geçirdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014