Türkmen nebitinden taýýarlanan iňňe görnüşli koks — geljegi uly önüm — WTL

TNGIZT-niň tehnologik mümkinçilikleri bu ýerde ýokary hilli iňňe görnüşli koksuň girdejili önümçiligini ýola goýmaga esas berýär. «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasynyň hünärmenleri muňa berk ynam bildirýärler. Bu kompaniýa türkmen nebitinden iňňe görnüşli koksuň patentlenen önümçiliginiň innowasion tehnologik usulynyň eýesidir.

Işlenip düzülen tehnologiýalar dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary hilli iňňe görnüşli koks almaga mümkinçilik berýär. Katalitik tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nebit galyndylaryndan diňe bir adaty koks däl, eýsem, nebitden düýbünden täze önüm alyp bolýar.

Adaty metallurgik koks bilen deňeşdirilende, iňňe görnüşli koks düzüminde has az mukdarda kül garyndylaryny we kükürdi saklaýandygy bilen artykmaçlyga eýedir.

Nebiti gaýtadan işlemegiň tehnologiýasynyň ösüşiniň häzirki zaman derejesi daşky gurşawa täsiriň pese düşürmäge mümkinçilik berýär, şonuň üçin hem himiki elementleriň we olaryň birleşmeleriniň howada aňrybaş mümkin bolan konsentrasiýasy netijede kesgitlenilen normadan geçmeýär.

Bu günki gün dünýä bazarynda iňňe görnüşli koksuň ýetmezçiligine gözegçilik edilýär we onuň bahalary yzygiderli ýokarlanýar. Diňe Hytaýda oňa bolan isleg 2020-nji ýylda 600 müň tonna ýeter.

Aýratyn hem ýokary hilli iňňe görnüşli nebit koksuna bolan zerurlyk artýar. Şonuň üçin hem TNGIZT-niň binýadynda nebit görnüşli koksuň önümçiligi möhüm ähmiýete eýedir we eksport ugurly önümleriň Döwlet maksatnamasyna doly jogap berýär, diýip kompaniýanyň hünärmenleri hasaplaýar.

Täze nebit önüminiň önümçiligi Türkmenistanyň dünýä bazaryna ýokary hilli önüm bilen çykmagyna mümkinçilik berer. Bu önüm Hindistanda, Hytaýda, ÝB, GDA ýurtlarynda we dünýäniň beýleki sebitlerinde ýokary islegden peýdalanýar.

Iňňe görnüşli koks – agyr senagatda, metallurgiýada, goranmak, elektron we atom pudaklarynda, şol sanda elektromobilleriň önümçiliginde ulanylýan UHP kysymly grafitlenen elektrodlaryň önümçiligi üçin esasy çig maldyr.

Soňky ýyllaryň dowamynda Westport Trading Europe Limited (ABŞ) kompaniýasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň desgalaryny gurmak we abatlamak bilen meşgullanýar. 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda kompaniýanyň ýolbaşçylary bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

 

Meňzeş täzelikler

2014