Gaz torlarynyň güýz-gyş möwsümine taýýarlygy başlandy

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Serhetabatetrapgaz» düzüm bölüminiň işgärleri etrabyň çäklerinde gaz geçirijileri we gaz enjamlaryny güýz-gyş möwsümine taýýarlamak boýunça giň möçberli işleri alyp barýarlar. Ygtybarly gaz üpjünçiligini doly derejede ýola goýmak üçin desgalarda meýilnamalaýyn arassalaýyş we abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Şunda durmuş maksatly desgalaryň, hojalyk-ýaşaýyş jaý ulgamynyň we ilatyň sarp edijileriň gaz bilen üpjünçiligine aýratyn üns berilýär.

Şu maksat bilen gazçylaryň ýörite gulluklary döredildi. Bu gulluklaryň işi häzirki wagtda ýokary depginlere eýe bolýar. Izolýasiýa ýerlerini ýüze çykarmak maksady bilen gazgeçirijileriň barlagynyň abzallaýyn usuly alnyp barylýar. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, uzynlygy 11160 metr bolan gaz geçirijini reňklemek işleri alnyp barylýar.

Etrap boýunça 13 sany gazpaýlaýjy, 62 sany gaz sazlaýjy enjam hereket edýär. Olarda häzirki wagtda meýilnamalaşdyrylan abatlaýyş we sazlaýyş işleri alnyp barylýar.

Meňzeş täzelikler

2014