Türkmenistanda ýakynda döredilen Hazar deňzi institutynyň direktory bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Atajanow Hazar deňzi institutynyň direktory wezipesine bellenildi. Degişli resminama Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi.

Hazar deňzi institutyny 2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda döwlet Baştutanynyň Permany bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň binýadynda binýadynda döredildi. Hazar deňzi institutynyň işine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň üstüne ýüklenildi.

Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek, dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleri seljermek, deňizde ylmy barlaglary geçirmek, Hazar deňzi bilen bagly halkara hukuk we milli resminamalary taýýarlamak, şeýle hem Hazar meseleleri boýunça halkara şertnamalarynyň Türkmenistanda ýerine ýetirilişine syn etmek we Hazar deňzine degişli bolan usulyýet maglumatlaryny taýýarlamak maksady bilen döredildi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Hazar deňzinde hil taýdan täze gatnaşyklaryň emele gelmeginde işjeň orny eýelemek bilen Türkmenistan bu strategik taýdan möhüm sebitde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge düýpli goşant goşmak arkaly gazanylan ylalaşyklara we kabul edilen borçnamalara ygrarlylygyny görkezýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014