Seýdiniň NGIZ-de nebit önümleriniň eksportundan alynýan girdeji artýar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Türkmenistanyň öňdebaryjy kärhanalarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär. 2019-njy ýylyň 7 aýynda 324,6 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi. Meýilnama 116 göterim. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini 106 göterim.

Şeýle hem kärhanada dizel ýangyjyny öndürmek boýunça meýilnama üstünlikli durmuşa geçirildi. Önümçilik 450 tonna barabar boldy.

Zawodda degişli hil ülňülerine laýyk gelýän bitumyň önümçiligi boýunça ýörite häzirki zaman desganyň işe girizilmegi bu önümçiligiň möçberleriniň artmagyna täsir edýär. Netijede, ýylyň başyndan şu günki güne çenli bitumyň önümçiligi 19 müň tonna töweregi boldy. Şol bir wagtda 2850 tonna önüm artyk öndürildi.

Umuman ýanwar-iýul aýlarynda Seýdiniň NGIZ-de nebit önümleriniň eksportundan alynýan girdeji artdy we 345,6 mln manada deň boldy.

Meňzeş täzelikler

2014