«GP Global Equipment Pte. Ltd» Merkezi Garagumda gaz känlerinde gazy gysyjy desgany gurar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 26 — 27-nji awgustda Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda «Türkmengaz» döwlet konsernine «Merkezi Garagum» gazkondensat känler toplumynyň «Zäkli — Derweze» gaz arassalaýjy desgasynda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolan gazy gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Singapur Respublikasynyň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany 23-nji awgustda geçirilen hökümet mejlisinde gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň mejlisiň dowamynda beren hasabatynda bellenilişi ýaly, gazy gysyjy desganyň ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metr bolar. Desgany «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan Singapuryň «GP Global Equipment Pte Ltd» kompaniýasy bilen bilelikde guruljak bu desgany 2022-nji ýylda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Singapura boljak döwlet saparynyň öňüsyrasynda dostlukly ýurduň işewür düzümleri bilen degişli ylalaşygyň gazanylmagy Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutany Karara gol çekip, ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik we eksport kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de tehniki taýdan enjamlaşdyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumynyň düzümleýin desgalarynyň ählisiniň döwrebap enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmelidigini nygtady. Şolar eksport energetika ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň gaýtadan işleýän kärhanalaryna iberilýän çig malyň ýokary hilli taýýarlanylmagyny üpjün etmelidir.

Meňzeş täzelikler

2014