Singapurda işewürler maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 26-27-nji awgustda Singapura döwlet saparynyň çäklerinde türkmen-singapur işewürler maslahatynyň açylyşy boldy. Oňa Singapuryň 40-dan gowrak iri kompaniýalarynyň wekilleri, nebitgaz, himiýa, energetika, oba hojalygy we azyk senagaty, gurluşyk senagaty, ulag we aragatnaşyk ulgamy, gämi gurluşygy, söwda, bank işi, programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalary gatnaşdylar.

Singapuryň Işewürler federasiýasynyň başlygy Teo Siong Seng öz çykyşynda şu günki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň we maýa goýum gatnaşyklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin oňyn şertleri döredýändigini nygtady. Onuň aýdyşy ýaly, Türkmenistan bilen Singapuryň 2018-nji ýyldaky söwda dolanyşygy 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 5 esse artdy.

Merkezi Aziýada sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti we ägirt uly tebigy serişdeleri bolan Türkmenistan söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin amatly ykdysady mümkinçiliklere eýedir diýip, Teo Siong Seng nygtady. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagy, energetika, himiýa, gurluşyk, ulag we logistika we oba hojalygy ýaly ulgamlar ileri tutulýan ugurlar hökmünde görkezildi.

Singapuryň işewür toparlarynda uly gyzyklanma döreden bu forumda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy esasy üns berlen mowzuga öwrüldi. Dürli slaýdlaryň üsti bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýeten derejesi, onuň düzümleri, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek, olary çykarmak, gaýtadan işlemek, nebiti we gazy daşamak, gazy we ony gaýtadan işlemekden alnan önümleri, içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda ýerlemek boýunça ýöriteleşdirilen esasy bölümleri we kärhanalary barada giňişleýin gürrüň berildi.

Hazar deňziniň türkmen böleginiň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek nebitgaz senagatyna maýa goýumlaryň gönükdirilýän esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Daşary ýurt kompaniýalary bilen önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyklara laýyklykda, ýurdumyzda Hazaryň ýalpaklarynda şeýle taslamalaryň dördüsi we gury ýerde üçüsi amala aşyrylýar.

Ululygy boýunça dünýäde ikinji orunda durýan «Galkynyş» käniniň tebigy gaz gorlaryna we serişdelerine berlen baha Türkmenistanyň dünýäniň iri energetika ýurtlarynyň biri hökmündäki derejesini berkitdi. Hut «Galkynyş» käni geljekki eksport turbageçirijileri üçin tebigy gazyň esasy çeşmesi bolup durýar. Häzirki döwürde bu ýerde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaz önümçilik kuwwaty bolan senagat desgalary ulanmaga berildi.

Şeýle hem singapurly işewürler Türkmenistanda ýakynda durmuşa geçirilen iri maýa goýum taslamalarynyň gerimine we täzeçil tehnologiýalaryna ýokary baha berdiler. Olaryň hatarynda Gyýanlynyň polimer zawody, Ahal welaýatyndaky gazhimiýa toplumy bar.

Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda gazhimiýa toplumlaryny döretmek boýunça birnäçe taslamalara badalga bermek meýilleşdirilýär. Olaryň ikisi Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde we biri Daşoguz welaýatynyň Ýylanly şäherinde, ýene biri bolsa Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde gurlar.

Singapur bilen hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdylanda bolsa, bu ýerde dag magdan, gurluşyk, nebit, gaz we himiýa senagatlary boýunça taslamalar, şeýle hem gazturbinalaryna, gysyjy we sorujy enjamlara hyzmat edýän, abatlaýan bilelikdäki kompaniýalary döretmek babatdaky şertnamalar barada aýdyldy.

Singapuryň kompaniýalarynyň TOPH halkara gaz geçirijisiniň we ýangyç-energetika toplumyna degişli beýleki taslamalarynyň gurluşygyna gatnaşmagy barada aýdyldy.

Meňzeş täzelikler

2014