Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Biz Singapur bilen berk gatnaşyklary ýola goýmak bilen, söwda-ykdysady ulgamda hem Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri boljakdygyna umyt baglaýarys diýip, bu döwlete ilkinji döwlet sapary bilen gelen Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, geçen ýylda iki ýurduň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberi 102,8 mln amerikan dollaryna barabar boldy. 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli ýagdaýa görä, Türkmenistanda singapur kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 6 sany maýa goýum taslamasy we singapur kapitalynyň gatnaşmagynda 5 sany kärhana hasaba alyndy. Muňa garamazdan, getirilen maglumatlar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikleri doly derejede açyp görkezmeýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny jemläp, geçirilen birinji işewürler maslahatynda gazanylan ylalaşyklaryň geljekki bilelikdäki netijeli işler üçin esas boljakdygyna ynam bildirdi. Şol maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň hem-de ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň wekilleri we olaryň singapurly kärdeşleri gatnaşdylar.

Işjeň hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda nebitgaz pudagynda we nebithimiýa senagatynda, şeýle hem ulag we logistika, maliýe, deňiz portlaryny dolandyrmak, şähergurluşyk ulgamlarynda hem-de beýleki möhüm ulgamlarda özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy.

Singapuryň kompaniýalarynyň we korporasiýalarynyň wekilleri hyzmatdaşlyk etmek, onuň uzak möhletli we yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek boýunça tekliplerini hödürlediler. Şolaryň hatarynda ýokary tehnologiýaly, ylym bilen baglanyşykly önümleri öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda durýan kompaniýalar we korporasiýalar bar.

Biz Singapury gysga wagtyň içinde dünýäde iň ösen ýurtlaryň birine öwren «singapur ykdysady gudraty» barada köp eşitdik diýip, döwlet Baştutany aýtdy we şu birinji döwlet saparynyň esasy maksatlarynyň biriniň söwda we ykdysady ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakdan we ösdürmekden ybaratdygyny belledi.

Türkmenistanda dürli pudaklar boýunça halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertler döredildi. Şolaryň hatarynda nebitgaz toplumyny, elektrik energetikasyny, ulag we aragatnaşygy, obasenagat toplumyny, dokma senagatyny, düýpli ylmy barlaglaryň we innowasion önümçilikleriň ösdürilmegini, döwrebap düzümleriň gurluşygyny, elektronika, kompýuter we logistika hyzmatlary ýaly ulgamlarda kärhanalaryň döredilmegini görkezmek bolar, diýip döwlet Baştutany belledi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet maýadarlara salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyrma we beýleki ýeňillikler görnüşinde düýpli goldawlary üpjün edýär. Şonuň netijesinde, tutuş milli önümleriň önümçiligine goýulýan maýanyň paýy yzygiderli artýar, maýa goýum taslamalarynyň sany köpelýär, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi artýar, diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014