Türkmenistanyň we Singapuryň Prezidentleri uzak möhletleýin esasda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygy tassykladylar

Türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Singapur döwletiniň Baştutany Halima Ýakobyň arasynda «Istana» köşgünde geçirilen gepleşiklerde maslahatlaşyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji döwlet saparynyň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Özara ynanyşmak hem-de netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, häzirki ýagdaýlary hem-de bar bolan uly kuwwatdan netijeli peýdalanmak üçin mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti bular barada aýtmak bilen, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin anyk çäreleriň görülmelidigini nygtady. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara gurluşlary, şeýle hem işewürler geňeşi özara hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär. Olaryň döredilmegi hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşmaça itergi berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin goşmaça usullary girizmek, mysal üçin, işewürler maslahatlaryny, sergileri, hünärmenleriň duşuşyklaryny yzygiderli geçirmek arkaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirip boljakdygyny belledi.

Özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we birek-biregiň tejribesini öwrenmek maksady bilen iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bähbitli bolar. Biziň şu saparymyzyň dowamynda üstünlikli geçirilen türkmen-singapur işewürler geňeşini oňyn mysal hökmünde getirip bolar. Aragatnaşygyň şeýle görnüşiniň ulanylmagyny bähbitli hasap edýäris hem-de türkmen-singapur işewürler geňeşiniň ikinji tapgyryny Aşgabatda geçirmegi teklip edýäris diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Bilim, ylym we ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy maksadalaýyk hasap edýäris. Biz singapurly kärdeşleriň tejribesini ulanmak bilen, bilim we ylym ulgamlarymyzy ösdürmäge gyzyklanma bildirýäris. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine, şol sanda Türkmenistan bilen Singapuryň degişli edaralarynyň arasynda alyşmak maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak mümkinçiligine seredip bolar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem gowy mümkinçilikler bar. Mälim bolşy ýaly, Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmen tarapy bu ugurda singapur kärhanalary bilen hyzmatdaşlyk etmegi goldaýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Singapur Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny nygtap we döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Halima Ýakoby özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy.

Taraplar şeýle hem sebit we halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Halima Ýakob Türkmenistanyň hem-de Singapuryň uzak möhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassykladylar.

.

Meňzeş täzelikler

2014