Türkmenistanyň Prezidenti we Singapuryň Premýer-ministri döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Biz Singapur bilen berk gatnaşyklary ýola goýmak bilen, Siziň ýurduňyzyň söwda-ykdysady ulgamda hem Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri boljakdygyna umyt baglaýarys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen geçiren gepleşiklerinde belledi.

Biz Türkmenistanda singapur kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmegini goldarys. Şunuň bilen birlikde, biz ýokary tehnologiýaly ugurlara üns bermegi maksat edinýäris. Bu babatda netijeli tejribe alyşmak üçin ähli şertler bar. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek babatdaky gatnaşyklar hem örän wajypdyr – diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary energetika, nebitgaz pudagy, ulag we kommunikasiýalar, bank we maliýe ulgamlary bilen baglanyşyklydyr.

Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyklar üçin uly mümkinçilikler bar. Şu babatda Türkmenistan ägirt uly kuwwata hem-de baý uglewodorod serişdelerine eýedir. Ýurdumyz bu ulgamda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyny durmuşa geçirýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmek babatda hem hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler açylýar.

Döwlet Baştutany özara haryt dolanyşygyny artdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin anyk çäreleriň görülmelidigini nygtady.

26-njy awgustda iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen birinji türkmen-singapur işewürler maslahaty söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat esas bolup biler. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi peýdaly bolar diýip, döwlet Baştutany aýtdy we işewürleriň wekiliýetlerini alyşmagy, ýurtlaryň ikisinde hem söwda we senagat sergilerini yzygiderli geçirmegi teklip etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugry boýunça köp şahaly ulag-üstaşyr we logistika üpjünçilik ulgamyny döredýär. Ol Hazar deňzine, Gara deňzi sebitine, Ortaýer deňzi we Pars aýlagy sebitine çykýan üstaşyr ýollary öz içine alýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda Türkmenistan we Singapur üçin özara gatnaşyklar babatda ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ynam bildirip, ýöriteleşdirilen halkara düzümlerde, hususan-da, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady komissiýada ara alyp maslahatlaşmak üçin ulag üpjünçilik ulgamyny ösdürmek boýunça teklipleri bilelikde işläp taýýarlamagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Singapura ilkinji sapar iki ýurduň gatnaşyklarynyň taryhynda tapgyrlaýyn waka bolmalydyr.

Pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow Singapuryň halkyna parahatçylyk we abadançylyk barada iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmen Lideri Premýer-ministr Li Sýan Luna geçirilen netijeli gepleşikler, iki ýurduň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin zerur çäreleri görmäge taýýardygy üçin, ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de Singapuryň Hökümetiniň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014