Dünýä metbugaty Türkmenistan bilen Singapuryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini bellediler

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura iki günlük döwlet saparyny, türkmen Lideriniň bu Respublikanyň ýokary häkimiýeti we iri kompaniýalarynyň top-menejerleri bilen duşuşyklaryny beýan edip, daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň aglabasy türkmen-singapur ykdysady hyzmatdaşlygynyň, şol sanda ýangyç-energetika we himiýa toplumlarynda ägirt uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdiler.

Hususan-da, Singapuryň iň abraýly iňlis dilindäki «The Straits Times» neşiri bu ýurduň söwda we senagat döwlet ministri Koh Poh Kunuň aýdanlaryny getirýär: «Singapuryň kompaniýalary eýýäm häzirden Merkezi Aziýa ýurdy Türkmenistan bilen himiýa we hususy bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenýärler, şunda söwda akymlaryny mundan beýläk-de artdyrmak üçin uly kuwwatlyklar bar».

Ministr bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň çäklerinde guralan birinji türkmen-singapur işewürler maslahatynda aýtdy. Işewürler maslahatynyň dowamynda dokuz ylalaşyga (saparyň barşynda jemi 12 ylalaşyga) gol çekildi. Doktor Kohuň aýtmagyna görä, ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi ösüş üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

HBS-leriň birnäçesi Singapuryň Işewürler federasiýasynyň başlygy Teo Siong Sengiň çykyşyndan sözleri getirdiler. Hususan-da, ol öz çykyşynda häzirki wagtdaky söwda görkezijileriniň 2016-njy ýyldan bäri Singapuryň Türkmenistana eksportunyň bäş esse köpelendigini görkezýändigini belledi, bu bolsa iki ýurduň işewürler toparlarynyň birek-birege gyzyklanmasynyň artýandygyny alamatlandyrdy.

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň iň okgunly ösýän ykdysadyýetleriniň biri bolup durýandygy sebäpli, Singapuryň birnäçe kompaniýalarynyň «Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna ýokary baha berýändikleri hem-de söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýändikleri geň däldir» diýip, jenap Teo aýtdy.

Singapuryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şeýle hem Aziýa Ösüş bankynyň şu ýyl Türkmenistanyň ösüş depginleriniň 6 göterime deň bolandygy baradaky maglumatyny mysal hökmünde getirip, bilermenleriň baha bermegine görä, ýurdumyzyň tebigy gaz gorlarynyň möçberiniň dünýäde dördünji orny eýeleýändigini aýratyn nygtaýarlar.

Neşirleriň birnäçesi işewürler maslahatynda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň çykyşlaryndan bölekleri, mysal üçin, «Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakda maýa goýumlarynyň esasy gural bolup durýandygy» hem-de «ýurdumyzyň ykdysady ösüşine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň her ýylky möçberiniň jemi içerki önümiň 30 göterimine deň bolup durýandygy» barada aýdanlaryny getirýärler. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň umumy möçberiň 13 göterimine deňdigi, 2018-nji ýylda ýurdumyza çekilen maýa goýumlaryň möçberiniň ABŞ-nyň 11,5 milliard dollaryna deň bolandygy bellenilýär.

Singapuryň «IRAS» internet saýty öz nobatynda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda giň gerimli Ylalaşygyň serhetüsti söwdany güýçlendirmäge hem-de iki ýurduň arasyndaky maýa goýumlaryň arasyndaky möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigini belleýär.

Neşirleriň köpüsi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň gurallaryny döretmek, hususan-da, işewürler maslahatlaryny, sergileri we bilermenleriň duşuşyklaryny yzygiderli esasda guramagyň zerurdygy baradaky başlangyjyna aýratyn ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň Baştutany Aşgabatda ikinji türkmen-singapur işewürler maslahatyny geçirmegi teklip etdi, şeýle hem Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakoby özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana jogap sapary bilen gelmäge çagyrdy.

Neşirleriň birnäçesi ýene bir singapur kompaniýasynyň — «GP Global Equipment Pte.Ltd» kompaniýasynyň türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura döwlet saparynyň öňýanynda gaz gysyjy desganyň taslamasyny düzmek we ony gurmak babatda ylalaşyk gazanylandygyny ýatladýar.

Daşary ýurt metbugaty dünýäniň ösen ýurtlarynyň arasynda, hakykatdan-da, öňdäki orunlary eýeleýän Singapura Türkmenistanyň aýratyn ähmiýetli strategik hyzmatdaşy hökmünde seredilýändigini belledi. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde diňe bir gatnaşyjy ýurtlara däl, eýsem tutuş sebite uly ykdysady peýda getirjek birnäçe möhüm bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014