«ARETI-niň» ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellenildi

Penşenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda holding tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, nebitgaz ulgamynda we beýleki ugurlarda täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda geçirilýän işler hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda milli energetika maksatnamasyny yzygiderli amala aşyrmak boýunça görülýän çärelere aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda Ý.Kakaýew döwlet Baştutanyna Igor Makarowy Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellemek hakynda teklip bilen ýüzlendi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň köpugurly ulgamyny döretmek babatda başyny başlan hem-de amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary diňe bir sebit üçin möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş dünýäde energiýa howpsuzlygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň bolmagy, maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegi nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagaty has-da ösdürmek, dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri çykarýan döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça bellenilen meýilnamalary kesgitleýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellemek hakyndaky teklibi makullap, ýurdumyzyň öňden gelýän işewür hyzmatdaşy bolan holding bilen özara gatnaşyklaryň uzak möhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

I.Makarow tarapyndan 1992-nji ýylda Russiýada esaslandyrylan «Itera» kompaniýasy halkara gaz bazarynda uly orun eýeledi. Şol sanda kompaniýa türkmen gazynyň ägirt uly mukdaryny satyn aldy we ony Ukrainada hem-de beýleki ýurtlarda satdy.

2013-nji ýylda «Itera-nyň» nebitgaz işewürligi satyldy, toparyň beýleki bölegi — Itera International Group of Companies bolsa «Areti International Group» adyna üýtgedildi.

Türkmenistanda «ARETI» kompaniýasy 2009-njy ýylda bäri taýýar önümi paýlaşmak hakynda şertnama esasynda Hazar deňziniň türkmen bölegindeki 21-nji deňiz blogunda känleri özleşdirýär. Blokda iki sany düzüm bölündi: «Günbatar Ördekli» we «Günorta Ördekli». Kompaniýanyň habar bermegine görä, geçirilen barlaglar bu düzümleriň uglewodorodlara baýdygyny tassyklady.

 

Meňzeş täzelikler

2014