12-14-nji sentýabrda Aşgabatda energetika boýunça halkara forum geçiriler

12 — 14-nji sentýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslahat geçiriler. Forumy geçirmäge görülýän taýýarlyk işleriniň barşy geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde maslahatlaşyldy.

Bu çärelere ýerli hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, dürli ýurtlardan kärhanalaryň we işewürleriň 120-ä golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Sergini we maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady bilen degişli maksatnama taýýarlanyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow düýpli özgertmeler ýoluna ynamly düşen Türkmenistanda bu pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ugurdaş düzümleriň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna uly üns berilýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmegine, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Häzirki wagtda bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar diýip, Prezident aýtdy.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň çäklerinde eýýäm birnäçe gazturbinaly elektrik stansiýalary gurlup ulanylmaga berildi. Bu turbinalar elektrik energiýasyny işläp taýýarlamak üçin tebigy gazdan peýdalanýarlar. Netijede, geçen ýylyň sentýabr aýynda Mary DES-niň çäginde Türkmenistanda ilkinji utgaşdyrylan buggaz elektrik stansiýasy ulanyşa girizildi. Onda General Electric (ABŞ) kompaniýasynyň 4 sany gaz turbinalary oturdyldy.

Geljekde ýurtda şular ýaly ýene-de energetika desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014