Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisini geçirmäge taýýarlyk görülýär

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçiriljek Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine taýýarlyk görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Habar berlişi ýaly, 23 — 24-nji sentýabrda geçiriljek ägirt uly gözden geçiriliş Söwda senagat edarasynyň binasynda guralar. Şol ýerde ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň, häkimlikleriň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 70-den gowrak sergi diwarlyklary gurnalar.

Sergide senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, energetikada, ulag hem-de aragatnaşykda, söwda we hyzmatlarda, maliýe hem-de bank ulgamlarynda we beýleki ugurlarynda garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler giňden görkeziler.

Durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijeleri saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk, medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda, ýurdumyzyň sebitlerinde, Aşgabatda amala aşyrylýan özgertmeler barada gürrüň berýän diwarlyklarda beýan ediler. Ýurdumyzyň önüm öndürijileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümlerini görkezer.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi barada aýtmak bilen, özygtyýarly ösüşiň 28 ýylynyň dowamynda ähli ugurlarda amala aşyrylan düýpli özgertmeleriň giňden beýan edilmeginiň wajypdygyny nygtady we wise-premýere bu giň möçberli gözden geçirilişiň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Meňzeş täzelikler

2014