Prezident: ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ähli pudaklarynyň iş öndürijiligi artdyrylmaly

Ýurdumyzyň ägirt uly maýa serişdeleri gönükdirilýän ýangyç-energetika toplumynyň pudaklarynyň iş öndürijiligi artdyrylmalydyr. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda belledi. Maslahatda Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşine, şeýle hem beýleki birnäçe meselelere garaldy.

Hususan-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy, nebitgaz senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, pudaga häzirki zaman dünýä tejribesini, sanly tehnologiýalary we innowasion usullary ornaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna ibermegiň köpugurly ýollaryny döretmegi netijeli dowam etmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek meseleleriniň wajypdygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn esasda ösdürilmelidigine ünsi çekdi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini, bu ulgamyň ösdürilmegine ägirt uly maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini belläp, döwlet Baştutany toplumyň pudaklarynyň döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagynyň, olaryň iş öndürijiligini artdyrmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy.

Prezident Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeliliginiň pes bolmagynda galýandygyny aýdyp, baş direktor Ý.Muhammetmyradowyň toplumyň iş netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalary etmändigini belledi. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň geçen mejlisleriniň birinde toplumyň işiniň talabalaýyk ýola goýulmandygy üçin onuň baş direktoryna käýinç berendigini belledi. Şeýle-de bolsa, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda işleriň netijeliligi artmady. Şunuň bilen baglylykda, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Ý.Muhammetmyradow eýeleýän wezipesinden boşadyldy.

Döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine B.Amanowy belläp, ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

B.Amanow bildirilen ýokary ynam üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda toplumyň ähli işgärleri bilen bilelikde zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Prezident Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktoryna üstünlikleri arzuw edip, onuň toplumyň işini köpugurly esasda ösdürmek, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak wezipeleriniň çözgüdine jogapkärli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmeginiň möhümdigini aýtdy.

Häzirki döwürde nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Bu babatda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna wajyp ornuň degişlidigini belläp, döwlet Baştutany täze bellenilen ýolbaşça önümçiligi dolandyrmagyň täzeçil usullaryny peýdalanmagy tabşyrdy. Nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilik desgalarynyň netijeli ulanylmagyny gazanmak, bu ugurda önümçilige täze tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak möhümdir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda geçirilýän işiň derejesini döwrüň talabyna laýyk derejede üpjün etmegi tabşyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer M.Meredowa we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B.Amanowa ýüzlenip, nebiti gaýtadan işlemegiň netijesinde alynýan önümleriň möçberini artdyrmak, nebitgaz toplumyna sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak we eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014