Gaz torlary güýz-gyş möwsümine taýýarlanylyp başlandy

Häzirki wagtda «Türkmengazüpjünçilik» müdirliginiň işgärleri güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde bitewi gaz toruna tehniki ideg etmek işlerini alyp barýarlar.

Daşoguz welaýatynyň çäklerinde «Köneürgençetrapgaz» hojalyk kärhanasynyň işgärleri ygtybarly gaz üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen meýilleşdirilen meýilnama-arassalaýyş işleriniň ählisini doly derejede ýerine ýetirýärler.

Şeýle hem 400-den gowrak gaz paýlaýjy we gaz sazlaýjy enjamlara hem-de umumy uzynlygy 1700 km bolan dürli diametrli gaz geçirijilerine hyzmat etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Energetiki serişdeleriň tygşytlylygy biziň önümçilik we hojalyk medeniýetimiziň bir bölegine öwrüldi. Şu ugurda «mawy ýangyjy» rejeli peýdalanmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar, hususan-da, jaýlarda we öýlerde tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýän enjamlar öz wagtynda oturdylýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014