«Türkmennebit» DK-nyň abatlaýyş-mehaniki zawody arassa girdejisiniň möçberini artdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň öňdebaryjy bölümleriniň biri hem Balkan welaýatynda ýerleşýän Abatlaýyş-mehaniki zawoddyr. Onuň esasy iş ugry nebitpromysel enjamlary üçin ýokary hilli ätiýaçlyk şaýlaryny öndürmek bolup durýar.

Şu ýylyň geçen 8 aýynda döwrebap derejede ösýän bu kärhana ýokary önümçilik görkezijilerini gazanmagy başardy. Tassyklanan meýilnama laýyklykda, ýerine ýetirilen işlerden özleşdirilen pul möçberi her aýda 600 müň manada deň boldy.

Öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütler, enjamlaryň abatlaýyş işiniň özüne düşýän gymmatynyň pese düşürilmegi we ätiýaçlyk şaýlarynyň zawodda taýýarlanylmagy kärhananyň arassa girdejisiniň artmagyna getirýär.

Meňzeş täzelikler

2014