Daşoguzly gazçylar gyş möwsümine taýýarlyk işlerini tamamlaýarlar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň hünärmenleri gaz hojalygynyň desgalaryny nobatdaky gyş möwsümine taýýarlamak bilen bagly işleriň esasy bölegini ýerine ýetirdiler.

Bu ugurda meýilleşdirilen işleriň aglaba bölegini müdirligiň işgärleri tomus döwründe tamamladylar. Bu döwürde esasy abatlaýyş işleri ýerine ýetirildi we gaz hojalygynyň desgalary gyş şertlerinde ulanmaga taýýar edildi. Tutuş welaýatyň durmuş üpjünçiligi üznüksiz gaz üpjünçiligine baglydyr, şonuň üçin hem gazçylar meýilleşdirilen işleriň ählisini bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmäge çalyşýarlar.

Bu günki gün hünärmenler pribor usuly arkaly turbalaryň syzdyryjylygyny barlamak we näsazlyklary aradan aýyrmak üçin dürli diametrli gaz geçirijileriniň 520 kilometrini barladylar. 400-den gowrak gaz sazlaýjy we gaz paýlaýjy desgalar üznüksiz we gije-gündizleýin ýagdaýda hereket edýär.

Ýakynda gyş möwsümine taýýarlyk işleri doly derejede tamamlanar.

Meňzeş täzelikler

2014