ARETI-niň ýolbaşçysy TOPH taslamasyny ilerletmekde Aşgabada ýardam edip biler – bilermen

«ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan magistral gaz geçirijisiniň taslamasyny ilerletmekde Aşgabada ýardam edip biler. Bu pikiri Türkmenistan boýunça bilermen-analitik Waleriý Çumakin russiýaly işewüriň Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesine bellenilenden soňra aýtdy. Bu barada Centralasia.news habar berýär.

Bilermeniň pikirine görä, Aşgabatda baý gaz ätiýaçlyklarynyň eksportynyň dürli ugurlaryny we mümkinçiliklerini öwrenýär we TOPH döwlet üçin geljegi uly taslamalaryň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň eksperti-hünärmeni wezipesinde ARETI-niň ýolbaşçysy bu taslama resmi ýagdaýda girişip biler.

— Makarow bu maksatnama üçin örän laýyk gelýär. Igor Wiktorowiç Aşgabatda dünýä indi we bu ýerde ösdi. Ol häzir hem Türkmenistanyň ýakyn dosty. Ýöne iň esasysy — onda nebitgaz pudagynda zähmet çekmekde ägirt uly tejribesi we Russiýada hem-de Ýewropada giň aragatnaşyk taraplary bar. Häzirki wagtda ARETI Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebitgaz taslamalaryny alyp barýar. Bir söz bilen, Makarowda baý tejribe we gürrüňsiz hünär taýýarlyk bar – diýip Çumakin hasaplaýar.

ABŞ-nyň «Talibanlar» radikal hereketi bilen içerki owgan meselelerini kadalaşdyrmak boýunça gepleşikleriniň netijeli tamamlanmagyna golaý gelendigini nazara alyp, Owganystanda ýakynda wagtda parahatçylyk höküm sürüp biler. Bu öz gezeginde TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döreder. Russiýanyň gol çekişmä şaýat ýa-da ABŞ bilen «Talibanlar» hereketiniň ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegine kepil bolup çykyş etjekdigi barada Moskwanyň beýannamasy Owganystanda parahatçylygyň ýakynda ýola goýuljakdygyna esas berýär.

 

Meňzeş täzelikler

2014