Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýär

Şu günlerde ýurdumyzda şanly senelere — Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde halkyň dürli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda mejlisler we duşuşyklar geçirilýär. Döwlet Baştutany tarapyndan mejlisiň Gün tertibini we resminamalary işläp düzmek boýunça anyk teklipler berildi. Bu resminamalar ählihalk forumynyň wekilleriniň garamagyna hödürleniler.

Özboluşly jemgyýetçilik instituty we halkylygyň demokratik ýörelgelerini alamatlandyrýan durýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzasy bolmak — her bir adam üçin belent mertebedir. Nobatdaky umumymilli forumda ýurdumyzy mundan beýläk hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşylar, ösen raýat jemgyýetini emele getirmekligiň ugurlary belleniler, şeýle hem täze üstünliklere gönükdirilen ösüş özgertmeleriniň geljegi uly ugurlary kesgitleniler.

Forumda kabul edilen möhüm çözgütler jemgyýetiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmelere täzeçe badalga berer.

Bu günki gün ýurdumyzyň ähli künjeginde görnetin özgertmeler amala aşyrylýar. Şäherler, obalar özgerýär, täze ýollar çekilýär, önümçilik we ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Bu bolsa ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň üstünlik durmuşa geçirilýändigini aňladýar.

Ýakynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde jemgyýetçilik durmuşynyň köp sanly möhüm meseleleri boýunça ugurlar kesgitleniler. Şolaryň hatarynda, senagat mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we agrosenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak, telekeçiligi ählitaraplaýyn goldamak we halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek, ösüp gelýän nesli terbiýelemek we, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek.

 

Meňzeş täzelikler

2014