GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşylar

13-nji sentýabrda Aşgabatda 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi bellenilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisi geçiriler. Bu çärä taýýarlyk işleriniň barşy geçen anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy.

Bu duşuşygyň gün tertibine Arkalaşygyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň ileri tutulýan meseleleri giriziler. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan GDA gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnamanyň taslamasyny ylalaşmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti strategik ugurlar boýunça GDA-nyň ýurtlary bilen däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmegiň şu ýyl bu gurama başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny belledi. Ýurdumyz Arkalaşykdan bolan hyzmatdaşlar bilen bilelikde, ähli ulgamlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda köptaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar.

Meňzeş täzelikler

2014