Türkmenistan Yslam eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş guramasyna goşuldy

Türkmenistan 47-nji agza hökmünde Yslam ösüş banky toparynyň agzasy bolan Yslam eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş guramasyna (ICIEC) goşuldy. Bu barada ICIEC saýtynda habar berilýär.

Bu kongrese gatnaşan ICIEC-iň direktory Oussama Kaissi çäräniň dowamynda, esasan hem, nebit-gaz pudagyna üns bermek arkaly ICIEC-iň Türkmenistany goldamaga taýyndygyny beýan edipdi.

Kaissi Türkmenistanyň agzalygy bilen bagly: “Türkmenistanyň agzalygy  ICIEC we Türkmenistanyň ykdysadyýeti we halky üçin bähbitli hyzmatdaşlygyň başlangyjydyr” diýdi. Guramanyň hyzmatlarynyň dürli daşary ýurtly banklaryna, maýa goýujylara we ekpsort edijilere türkmen bazaryndaky işlerini aňsatlaşdyrjakdygyny bellän Kaissi: “ICIEC-iň risk dolandyryş we karz hyzmatlary ýurduň ykdysadyýetini güýçlendirmäge we ony diwersifikasiýalaşdyrmaga kömek eder” diýdi.

Türkmenistan Yslam ösüş banky toparyna 1994-nji ýylda agza boldy. Häzirki wagta çenli bu bank Türkmenistana bir milliard dollardan gowrak maliýeleşdiriş goldawyny berdi. Bu ýardam gaz geçirijileriniň we demir ýollarynyň gurluşygyny göz öňünde tutýan taslamalara ýardam etmäge ugrukdyryldy.

ICIEC 1994-nji ýylyň 1-nji awgustynda halkara gurama hökmünde döredildi. Gurama Yslam ösüş bankynyň toparyna degişlidir. Häzirki wagtda oňa YÖB-niň agza döwletleriň 47-si girýär.

ICIEC eksport kreditleşdirme, syýasy howplardan ätiýaçlandyrma, şeýle hem gaýtadan ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyrma hyzmatlaryny berýän kompaniýadyr.

 

Meňzeş täzelikler

2014