TNGIZT-niň dizel ýangyjynyň nobatdaky tapgyry Ukraina iberildi

Ukraina Türkmenistandan dizel ýangyjynyň nobatdaky tapgyry gowuşdy. “Glard-3” tankeri Hersonyň deňiz portuna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGZIT) öndürilen nebit önümleriniň 4,3 müň tonnasyny getirdi.

Ukrain bazaryna dizel ýangyjyny TNGIZT-niň treýder düzümi bolan “Turkmen Petroleum” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýän “Skywalk Traiding” kompaniýasy eltdi. Awgustyň içinde kompaniýa tarapyndan Ukraina 25 müň tonnadan gowrak türkmen dizel ýangyçly 6 tanker ugradyldy.

Türkmenistandan nebit önümleri Gara deňze çykmak bilen Wolga-Don gämi gatnaýan kanal boýunça Ukraina ýetirilýär. Bu ýol ykdysady nukdaýnazardan iň amatlysydyr.

Şu ýylyň ilkinji 5 aýynda “Skywalk Traiding” kompaniýasy Türkmenistandan ukrain bazaryna 60 müň tonnadan gowrak dizel ýangyjyny eltdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014