Naýyp: tebigy gazyň we kondensatyň önümçiligi artýar

«Lebaapgazçykaryş» müdirliginiň Naýyp önümçilik uçastogynda ýokary öndürijilik görkezijileri gazanyldy. Şu ýylyň geçen sekiz aýynda bu ýerde tebigy gazyň we kondensatyň önümçiligi düýpli artdy.

Hususan-da, şu döwürde «mawy ýangyjyň» önümçiligi 237,4 mln kub metr. Gaz kondesatynyň önümçiligi 2317 tonna barabar boldy. Gymmat bahaly bu önümiň 440 tonnasy meýilnamadan artyk öndürildi.

Uçastokda 290 töweregi işçi zähmet çekýär, häzirki zaman öňdebaryjy tehnikalar hereket edýär. Bu gazanylan üstünlikleriň özeninde gazlaşdyrmagyň gözbaşynda duran gazçy-hünärmenleriň ägirt uly tagallasy ýatyr. Diňe awgust aýynda bu uçastokda 1,4 mln kub metr tebigy gaz we 57 tonna gaz kondensaty bellenilen meýilnamadan artyk öndürildi.

Meňzeş täzelikler

2014