Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen Kararnamany kabul etdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň duşenbe güni geçiren wideomaslahatynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutany aýdylan habary kanagatlanma bilen diňläp, watandaşlarymyza ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, biziň Bitarap döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri hem sebitde we bütin dünýäde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy ýokary derejede üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmen Lideri türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylygy söýmek, ynsanperwerlik häsiýetleriniň we däpleriniň Garaşsyz döwletimiziň bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýandygyny belledi. Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde we umumadamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan şeýle syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldanylýar.

Türkmen Lideri bu resminamanyň bilelikde döredijileri hökmünde dünýäniň 73 döwletiniň çykyş edendigini belläp, pursatdan peýdalanyp, şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegine goşant goşan ähli ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji resminamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi we bu halkara guramanyň resmi dillerinde çap edildi diýip, döwlet Baştutany nygtady.

«Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän berkarar Watanymyz häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem Ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli giň syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Şeýle etmek bilen, Türkmenistan häzirki zamanyň çylşyrymly şertlerinde dünýäde asudalygy gorap saklamakda, daşky gurşawy goramakda, ykdysady, energetika we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, ählumumy wehimlere garşy netijeli göreşmekde halkara giňişlikde taryhy ähmiýetli ynsanperwer syýasy başlangyçlary ynamly öňe sürýär diýip, milli Lideri belledi.

Biziň döwletimiz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de halkara borçnamalardan ugur alyp, ähli meseleleri syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň üsti bilen çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, Bitarap döwletimiz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda geljekde hem ähli tagallalary eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014