«OGT – 2019-yň» guramaçylary türkmen telekeçilerine pudaklaýyn foruma ýeňillikli esasda gatnaşmagy teklip edýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» (OGT – 2019) 24-nji Halkara maslahatynyň guramaçylary bolan «Türkmennebit» döwlet konserni «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda 2019-njy ýylyň 22-23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşmaga isleg bildirýän türkmen telekeçileri üçin 50 göterim ýeňillik kesgitlediler.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» pudaklaýyn forum nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen her ýylda geçirilýär.

Garaşylyşyna görä, forumyň işine 500 wekil, şol sanda Türkmenistanyň döwlet düzümlerini we öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşar.

Iki günüň dowamynda maslahatda çykyş etjekler ýangyç-energetika toplumynda dünýäniň tendensiýalarynyň ösüşiniň meselelerini maslahatlaşarlar, häzirki wagtda Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda durmuşa geçirilýän esasy taslamalaryň ýagdaýy barada tejribe we maglumat alyşmak üçin prezentasiýalar we panelleýin gepleşikler gurnalar.

Şol sanda «Gazhimiýa toplumynda öňdebaryjy usullar», «Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky maýa goýum taslamalary», Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi, «Nebiti we gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary» we «Nebitgaz ulgamyndaky täze innowasion taslamalary» ýaly aktual temalar ara alnyp maslahatlaşylar.

Forumyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylar Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar. Şeýle hem maslahatyň barşynda Ahal welaýatynyň çäginde işe girizilen tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp görmek meýilleşdirilýär.

OGT 2019 forumy hakynda jikme-jik maglumatlar «www.ogt2019.com» saýtynda ýerleşýär.

Meňzeş täzelikler

2014