Ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi binasynda «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen alabaýy» kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylar we işgärleri, ýurduň ylmy institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda «Türkmengeologiýa» DK-nyň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» DK-nyň, «Nebitgazhyzmat» ÝGPJ-niň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.

Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň bu kitabynyň möhüm ähmiýetini belläp geçdiler. Alabaý itine bagyşlanan bu eser tohumyň gymmaty barada gyzykly maglumatlary, arheologik barlaglaryň netijelerini we etnografik maglumatlary özünde saklaýar.

«Türkmen alabaýy» kitaby itleriň bu meşhur tohumynyň diňe bir gelip çykyşy barada aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, ahalteke bedewi, haly ýa-da gawun ýaly asyrlardan gözbaş alýan milli gymmatlyklarymyz bilen deň hatarda durýan alabaýyň medeni fenomenini açyp görkezýär.

Türkmen alabaýynyň suratlary bilen bezelen kitapda türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara dosty hem-de goragçysy bolup gelen itleriň bu arassa tohumynyň möhüm ähmiýeti beýan edilýär.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, türkmen alabaýy türkmen medeniýetiniň we mirasynyň aýrylmaz bölegidir, Türkmenistanyň Lideriniň bu kitaby bolsa, ynsanperwer gymmatlyklarymyzy geljek nesillere ýetirmäge ýardam eder.

Meňzeş täzelikler

2014