Türkmenistan we ÝTÖB 2024-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk strategiýasyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Nil MakKeýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ÝTÖB-nyň 2019-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belläp geçdiler we ýurdumyzda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda hereket edýän taslamalara seredip geçdiler.

Taraplar şeýle-de sebitdäki durmuş-ykdysady ýagdaýy boýunça hem pikir alyşdylar. Durnuklylygyň we ykdysady ösüşiň pugtalandyrylmagynda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän tagallalar aýratyn bellenilip geçildi, şu ýylyň awgustynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumy munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr we bu çärä ÝTÖB-nyň Wise-prezidenti gatnaşandyr.

Türkmenistan bilen ÝTÖB-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyga mahsus bolan özara ynanyşmagyň ýokary derejeliligini bellemek bilen duşuşyga gatnaşyjylar özarabähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem dowam etdirilmegine ynam bildirdiler. 

Ýatlatsak, 2019-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Bruno Balwaneranyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy we Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek maslahatlaşyldy.

Bilermenleriň pikirine görä, Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa Hazarüsti gaz geçirijisini durmuşa geçirmekde möhüm ädim boldy. Bu gaz geçiriji Türkmenistana «Günorta gaz geçelgesi» taslamasyna goşulmaga we «mawy ýangyjyny» Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Öz gezeginde, TOPH sebitde iri maýa goýum taslamasy bolup, Günorta Aziýanyň durnuklylygyny we energetika howpsuzlygyny berkitmäge düýpli goşant goşmaga ukyplydyr. Bu taslama köp sanly döwletler gyzyklanma bildirýärler, şol sanda ÝTÖB. ÝTÖB-niň ýolbaşçylary sebit we ählumumy energiýa howpsuzlygy üçin TOPH taslamasynyň möhüm ähmiýetini birnäçe gezek tassykladylar.

Meňzeş täzelikler

2014