Russiýanyň Döwlet Dumasy Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklady

Russiýa Federasiýasynyň (RF) döwlet Dumasy penşenbe güni geçirilen mejlisde Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany tassyklady diýip, Interfaks habar berilýär.

Resminamany tassyklamak hakyndaky kanunyň taslamasy Döwlet Dumasyna RF-nyň Prezidenti tarapyndan girizildi. Konwensiýa 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde gol çekildi. Oňa Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän ýurtlar: Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan gatnaşýar.

Konwensiýa Hazar deňzini, şol sanda onuň suwlaryny, düýbüni, ýerasty baýlyklaryny, tebigy gorlaryny we deňziň üstündäki howa giňişligini ulanmak babatda kenarýaka ýurtlarynyň hukuklaryny we borçnamalaryny kesgitleýär we düzgünleşdirýär.

Konwensiýada: “Hazar deňziniň düýbüniň we ýerasty baýlyklarynyň böleklere bölünmegi umumy ykrar edilen ýörelgeleriň we halkara hukugynyň kadalarynyň nazara alynmagy bilen ýanaşyk we garşydaky döwletleriň ylalaşmagy boýunça amala aşyrylýar” – diýip aýdylýar.

Resminamada bellenilişi ýaly, taraplaryň deňizde işjeňligi «döwletleriň özbaşdaklygyna, territorial bütewiligine, garaşsyzlygyna, deňhukuklylygyna hormat goýmak, güýç ulanmazlyk we wehim salmazlyk, özara hormat goýmak, hyzmatdaşlyk, birek-biregiň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgeleriniň esasynda amala aşyrylar». Şeýle hem Konwensiýa «deňizde ähli meseleleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegini we onda taraplara degişli bolmadyk ýaragly güýçleriň bolmazlygyny» göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen birlikde, Hazaryň ýurtlary “Hazar deňzinden beýleki deňizlere, dünýä ummanlaryna erkin çykmak, we şol ýerlerden Hazar deňzine girmek hukugyna eýedirler we şu maksat bilen taraplar ähli ulag serişdeleri arkaly çäkleriň üstünden erkin üstaşyr geçmek hukugyndan peýdalanýarlar”.

RF-iň Prezidentiniň RF-iň döwlet serhediniň serhetdeş döwletler — GDA gatnaşyjylar bilen delimitasiýasy we demarkasiýasy boýunça wekili DIM-niň aýratyn tabşyryklar boýunça ilçisi Igor Bratçikow döwlet Dumasynyň mejlisinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýanyň ykrar edilmeginiň sebitara durnuklylygynyň berkidilmegine we RF-iň hazarýaka hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklarynyň berkidilmegine ýardam etjekdigini, hazarýaka döwletleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryny giňeltmäge amatly şertleri döretjekdigini belledi.

Hazar sebitiniň ýurtlary 20 ýyla golaý wagtlap Hazaryň hukuk derejesini düzgünleşdirmek hakynda gepleşikleri geçirdi. Häzirki wagta çenli Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan Konwensiýany tassyklamak boýunça işleri doly tamamlady. Eýranyň hem ýakyn wagtda resminamany tassyklamak işlerine başlamagyna garaşylýar.

Gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan tassyklanan we tassyklaýyş hatlaryny ýurtlaryň bäşisi hem saklamaga beren pursadyndan konwensiýa güýje girer.

Meňzeş täzelikler

2014