«Hazarýaka bäşliginiň» döwletleriniň arasynda düşünişmezlikler ýok — Azerbaýjanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary

«Hazarýaka bäşligi» döwletleri (Russiýa, Eýran, Azerbaýjan, Gazagystan we Türkmenistan) Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany kabul etmek bilen sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etdiler. Bu barada Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow belledi, diýip Interfaks-Azerbaýjan habar berýär.

«Bu gün hazarýaka döwletleriniň arasynda hiç hili gapma-garşylyk we düşünişmezlik ýok. Ähli meseleler çözülýär. Hazar boýunça Konwensiýanyň kabul edilmegi syýasy durnuklylygy we özara düşünişmekligi üpjün etdi, hazarýaka döwletleriniň arasynda döwrebap hukuk çelgilerini ýola goýdy. Olaryň çäginde basseýniň döwletleri özara gatnaşyklaryny kadalaşdyryp bilýärler. Şolar bilen bir hatarda ykdysady gatnaşyklar üçin hem oňat binýat döredildi» diýip Halafow Bakuda «Caspian Energy Forum-2019» forumynda belledi.

Onuň aýtmagyna görä, Konwensiýa şeýle hem ykdysadyýetiň we howpsuzlygyň gyzyklanmalarynyň bitewüligini nazara alýar, bu bolsa «biziň üçin, biziň halklarymyz üçin hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňat mümkinçilikdir».

«Şunuň bilen baglylykda, meniň pikirimçe, Azerbaýjanyň Russiýa, Eýran, Türkmenistan we Gazagystan bilen özara dostlukly gatnaşyklary Konwensiýanyň kabul edilmeginde möhüm orun eýeledi. Elbetde, döwletleriň syýasy erki hem möhüm goşant boldy» diýip diplomat belledi.

Ministriň orunbasarynyň bellemegine görä, «hazarýaka bäşliginiň» döwletleri Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda Hazarda uly ulag, energetika, kommunikasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmeklige gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

«Biz Hazar deňzinde halkara hyzmatdaşlygyny goldamaga taýýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurtlarymyzyň hünärmenleri bu meselede merkezi orny eýeläp, bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge önjeýli goşant goşup biler» diýip Halafow belledi.

«Geljekde biz ýurtlarymyz üçin täze mümkinçilikleri açjak täze hazarýaka taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirip bileris. Gazanylan ylalaşyklar ähli döwletlere ulag we kommunikasiýa nukdaýnazardan, deň derejede halkara bazarlaryna çykalgany üpjün etmäge mümkinçilik berýär» diýip diplomat belledi.

«Hazarýaka döwletleriniň üçüsiniň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň içerki kontinental şertlerde ýerleşýändigi we dünýä ummanyna Russiýanyň we Eýranyň üsti bilen çykyp bilýänligi sebäpli, Moskwa we Tähran bu mümkinçiligi goňşy döwletlere döredip bermegi meýilleşdirýär» diýip Halafow belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014