Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi

Taryh üçin uly bolmadyk bu döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler, giň möçberli işler amala aşyrylyp, belent sepgitlere ýetildi – diýlip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine gatnaşyjylara iberen gutlagynda bellenilýär.

Häzirki döwürde eziz Diýarymyz ösen tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýan, ýokary depginler bilen ösýän, döwletli tutumlaryň dabaralanýan Watany hökmünde giňden tanalýar. Mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, sebit we dünýä ýurtlarynyň abadançylygyna gönükdirilen başlangyçlarymyz halkara jemgyýetçilikde uly goldaw tapýar hem-de Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraýyny barha belende göterýär, diýlip gutlagda bellenilýär.

Ýurdumyzda giň gerim bilen gurlup, işe girizilýän, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar, olarda öndürilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, bäsdeşlige ukyply önümlerimiz halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň has-da pugtalanmagyna, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş maksatly döwrebap binalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, bilim-terbiýeçilik, saglygy goraýyş edaralarynyň, üpjünçilik ulgamynyň desgalarynyň gurlup, halkyň hyzmatyna berilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar – diýlip gutlagda nygtalýar.

 

Meňzeş täzelikler

2014