Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky känleri özleşdirmek işini işjeňleşdirmegi tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda durmuşa geçirilýän birnäçe taslamalar, şeýle hem geçen sekiz aýda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň alyp barýan işleriniň netijeleri hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ykrar edilen energetika döwleti bolmak bilen, häzirki döwürde energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini nygtady. Şol strategiýanyň esasy ugurlary tebigy gazyň gazylyp alnyşynyň we eksport edilişiniň mukdaryny artdyrmakdan, energiýa serişdelerine islegleriň ýokarlanýan durnukly ýagdaýlary hasaba alynýan iri dünýä bazarlaryna iberilişiniň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen bir hatarda, uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemäge ýöriteleşen döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna nebithimiýa önümleriniň çykarylyşynyň artdyrylmagyna uly üns berilýär.

Döwlet Baştutany «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» durmuşa geçirilişiniň meselelerine ünsi çekip, türkmen ýalpaklygynyň hem-de Hazaryň kenarýaka zolagynyň geljegi uly känlerini gözläp tapmak, olary senagat taýdan özleşdirmek we enjamlaşdyrmak boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Bellenilişi ýaly, bu sebit ägirt uly energetika kuwwatyna eýedir, munuň özi dünýäniň işewür toparlary bilen netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz känleriniň netijeli işlenilip taýýarlanylmagyny üpjün edýän öňdebaryjy tejribä hem-de innowasion tehnologiýalara eýe bolan esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maýa goýum syýasatyny has-da kämilleşdirmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi. Şunda energetika pudagynda amala aşyrylýan taslamalaryň ekologiýa howpsuzlygynyň hemme talaplaryna kybap gelmelidigi nygtaldy.

Belläp geçsek, geçen ýyllarda Hazar deňziniň türkmen kenarynda 32 sany lisenziýaly bloklar halkara tender söwdasyna çykaryldy. Olaryň çaklanylýan ätiýaçlyklary 11 mlrd tonna nebite we 5,5 trln kub mter tebigy gaza deňdir. Taýýar önümi paýlaşmak boýunça şertnama esasynda deňiz känlerini özleşdirmek boýunça bäsleşigiň netijesinde Petronas, Dragon Oil, Buried Hill, RWE Dea AG, ARETI ýaly kompaniýalar çekildi. Häzirki wagtda deňiz bloklarynda Dragon Oil we Petronas kompaniýalary nebit we gaz çykarýarlar.

Meňzeş täzelikler

2014