Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisinde ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçilikleri görkezildi

23-nji sentýabrda Aşgabatda ýurt Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp, Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi öz işine başlady.

Serginiň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde çykyş etdi. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, türkmen işewürleriniň, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň jemlenen ýerine öwrüldi.

Serginiň köpsanly diwarlyklary ykdysady gazanylanlara, düýpli özgertmelere, iri möçberli taslamalara, Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryna bagyşlandy.

Sergide hödürlenen diwarlyklar amala aşyrylýan döwlet maksatnamalary we innowasion taslamalary, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylyşyny we diwersifikasiýalaşdyrylyşyny aýdyň görkezýär.

«Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň sergi bölümlerinde kartalaryň üsti bilen halk hojalyk toplumynyň binýatlaýyn pudaklarynyň okgunly ösüşi beýan edilýär.

Olar ýokary depginde ösdürilýän düzümler, nebitiň hem-de gazyň özleşdirilen we häzirki wagtda özleşdirilýän känleri, daşary ýurtlara «mawy ýangyjy» ibermegiň häzirki hereket edýän ugurlary hem-de geljekki ýollary, beýleki ýerasty baýlyklaryň känleri, şeýle hem ýurdumyzyň tutuş çägi boýunça çekilen müňlerçe kilometrlik elektrik geçiriji ulgamlardyr.

Köpsanly sergilikleriň içinde gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan magistral gaz geçirijisiniň hem maketi hödürlenildi.

Şeýle hem sergide ýokary tehnologik enjamlar, häzirki zaman gurluşyk materiallary, kompýuter we kommunikasiýa mümkinçilikleri, azyk senagatynda gazanylanlar, ekologiýa meseleleriniň çözmekde, sportda we syýahatçylykda, ylmy, medeni üstünlikler görkezildi.

Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi öz işini 24-nji sentýabrda dowam eder.

 

Meňzeş täzelikler

2014