Burawçylar Goturdepe meýdançasynda iş alyp barýarlar

«Türkmengeologiýa» DK-nyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» bölüminiň hünärmenleri ýurdumyzyň nebitgaz känlerinde işjeň zähmet çekýärler. Häzirki wagtda burawçylaryň esasy işi Goturdepe meýdançasynda alnyp barylýar. Bu ýerde taslama çuňlugy 5000 metr bolan №19 guýusynda 2019-njy ýylyň başynda bäri 3100 metrden gowrak araly geçildi.

Burawçylaryň ygtyýarynda — çuňlaşdyrylan burawy amala aşyrmak üçin döwrebaplaşdyrylan buraw enjamlary bar.

Geçen ýyl «Lebapnebitgazgözlegiň» hünärmenleri iň täze enjamlardan peýdalanyp, Mary welaýatynda ýerleşen Minara meýdançasynda taslama çuňlugy 4750 metre barabar bolan guýyny burawladylar. Netijede gündelik debiti 1 million kub metre deň bolan tebigy gazyň senagat akymy alyndy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurduň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge berýän goldawy netijesinde «Türkmengeologiýa» DK-nyň önümçilik-tehniki binýady berkidilýär. Soňky ýyllarda buraw enjamlarynyň aglaba bölegi dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň, şol sanda ABŞ-nyň, Hytaýyň, Russiýanyň has kuwwatly we ygtybarly enjamlary bilen çalşyryldy.

Önümçilige ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnikasy we täze tehnologiýalar çuňlaşdyrylan burawy amala aşyrmakda bellenilen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmaga goşant bolýar.

Meňzeş täzelikler

2014