2040-nji ýyla çenli nebite bolan isleg 112 million barrel bolar — OPEC-iň baş sekretary

5-nji noýabrda OPEC nebitgaz pudagy üçin uzakmöhletleýin çaklamaly dünýä synyny neşir eder. Garaşylyşy ýaly, 2040-njy ýyla çenli nebite bolan isleg günde 112 mln barrele çenli artar, diýip OPEC-iň baş sekretary Mohammed Barkindo belleýär. Bu barada Interfaks-Gazagystan habar berýär.

«5-nji noýabrda biz nebitgaz pudagyny öz içine aljak çaklamany çap ederis. Biziň işläp taýýarlaýan bu we beýleki publikasiýalarymyz düýpli barlaga esaslanýar. Biziň barlaglarymyz nebitgazyň we tutuş senagatyň agdyklyk etjekdigini görkezýär» diýip Barkindo Gazagystanyň paýtagtynda geçen “Kazenergy” energiýa forumynda OPEC-niň ýolbaşçysy belledi.

«Nebit we gaz 2040-njy ýyla çenli energetikanyň iň uly bölegi bolmagynda galar. Biz şeýle hem nebite bolan islegiň artmagyna garaşýarys. Garaşylyşy ýaly, nebite bolan isleg 2040-nji ýyla çenli gündelik 112 million barrele barabar bolar. Şonuň bilen bilelikde çig-malyň esasy üpjünçiligi “ösüp barýan, ilaty çalt depginde köpelýän we ykdysady taýdan ösýän ýurtlara bolar” diýip, Barkindo aýtdy.

OPEC sentýabr aýyndaky hasabatynda 2019-njy ýylda gündelik nebit ulanylyşynyň 99.84 million barrele çenli (geçen ýyldaky möçberden 1.02 million barrel köp) ýokarlanjakdygyny mälim edipdi.

 

Meňzeş täzelikler

2014