Saud Arabystany nebit desgalaryna edilen hüjümlerden soň önümçilik möçberlerini saklap galjakdygyna ynandyrdy

Saud Arabystany ýurduň nebit desgalaryna edilen hüjümlerden soňra nebitiň çykarylyşynyň möçberlerini saklap galjakdygyna OPEC-e ynandyrdy. Interfaks-Gazagystanyň habar berşi ýaly,  bu barada OPEC-niň ýolbaşçysy Mohammed Barkindo Gazagystanyň paýtagtynda geçen “Kazenergy” energiýa forumynda belledi.

«Ol (Saud Arabystanynyň patyşasy – IF) şeýle hem Saud Arabystanynyň önümçilik derejesini BAE-de 12-nji sentýabrda ylalaşylan möçberlerde saklap galjakdygyny wada etdi» - diýip Barkindo belledi. — Dünýäniň islendik ýerinde nebitiň we gazyň iberilmegine howp salmaklyk OPEC-iň senagaty we ykdysadyýeti üçin ägirt uly düzgün bozmadyr».

OPEC-iň baş sekretarynyň belleýşi ýaly, soňky birnäçe aýyň dowamynda global nebit bazary «söwda disputlarynyň we geosyýasy hadysalaryň netijesinde kesgitsizlikden doly boldy». «Bu kesgitsizlik ýakynda dünýäniň iň iri öndürijisi bolan Saud Arabystanynyň nebit ibermelerine edilen hüjümlerden soň has hem çylşyrymlaşdy. Bazardan 5,7 mln barrele çenli nebit ýok edildi. Şeýlelikde, nebitiň bahasy 7 göterimden gowrak ýokarlandy. Bu biziň soňky 30 ýylda duçar bolan iň iri hadysamyzdyr» - diýip Barkindo belledi.

«Patyşalygyň hökümetiniň we milli nebit kompaniýasynyň önümçiligi dikeltmek baradaky tiz jogaby bu çylşyrymlylygyň giňeldilmeginiň öňüni almak üçin örän möhümdi» - diýip ol belledi.

 

Meňzeş täzelikler

2014