Germaniýa we Fransiýa Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem döwrebaplaşdyrmagy goldamaga taýýar

Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy döwletleri — Germaniýa we Fransiýa Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak we iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek işinde mundan beýläk hem goldaw bermegi wada edýärler. Bu barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň we Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gutlagynda bellenilýär.

«Germaniýa geljekde hem ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sebit hyzmatdaşlygyny berkitmek we jemgyýetiň açyklygyny ýokarlandyrmak ugrunda Siziň ýurduňyza goldaw bermäge taýýardyr» diýlip hatda bellenilýär.

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron hatyn şeýle belleýär: «Men ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli gatnaşyklaryň, hususan-da, indi Daşary işler ministrliklerimiziň arasynda her ýyl geçirilýän geňeşmeler netijesinde giňelýän gatnaşyklaryň dowam edýändigine guwanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Ýewropa we daşary işler ministriniň ýanyndaky Döwlet sekretary Žan-Batista Lemuanyň Aşgabada amala aşyran saparyny makullaýaryn, ol bu ýerde mähirli kabul edildi.

Men şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berýärin, 2019-njy ýylyň 11 —12-nji awgustynda Awazada Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Medeni, ylym hem-de bilim ulgamlarynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, Türkmenistanyň eýe bolan köp sanly artykmaçlyklaryny amala aşyrmak arkaly Siziň ýurduňyzyň ykdysadyýetini berkitmek maksady bilen, kompaniýalarymyzyň taslamalaryny goldamak babatda meniň hyjuwlylygyma bil baglap bilersiňiz».

Meňzeş täzelikler

2014