Türkmenistanyň we Omanyň DIM-niň ýolbaşçylary nebit we gazhimiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministri Ýusuf bin Alauiniň arasynda geçirilen duşuşykda nebit we gazhimiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem Özbegistan–Türkmenistan – Eýran – Oman geçelgesini ösdürmegiň meselelerine garadylar, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşyk Nýu-Ýorkda türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirildi. R.Meredow sessiýanyň barşynda eden çykyşynda sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy şeýle hem Bahreýn we BAE döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

Hususan-da, BAE-niň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdalla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçirilen duşuşykda ýakynda wagtda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş Konsullygynyň açylmagynyň iki ýurduň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň görkezijisi bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem taraplar Dubaý şäherinde geçiriljek EXPO-2020 Bütindünýa sergisiniň geçirilmeginiň meseleleri bilen bagly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň zerurlygynyň üstünde aýratyn durup geçdiler.

Belläp geçsek, arap ýurtlarynyň içinde türkmen bazarynda BAE has uly işjeňlik görkezýär. Netijede, Dragon Oil kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebit çykarýar, Petrofac kompaniýasy bolsa dünýäde tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça ir irileriň biri hasaplanylýan «Galkynyş» ägirt uly gaz känini özleşdirmek işine gatnaşdy.

 

Meňzeş täzelikler

2014