Putin Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýany tassyklamak hakynda Kanuna gol çekdi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýany tassyklamak hakynda federal kanuna gol çekdi, diýip hukuk maglumatlarynyň resmi internet portaly habar berýär.

Bu resminama kenarýaka döwletleriniň Hazar deňzinden, şeýle-de onuň suwundan, düýbünden, ýerastyndan, tebigy serişdelerinden we deňziň howa giňişliginden peýdalanmaklarynyň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär hem-de düzgünleşdirýär.

Konwensiýa 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde gol çekilipdi. Oňa Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan gatnaşýar.

2019-njy ýylda Konwensiýany Gazagystan, Azerbaýjan we Türkmenistan tassyklady. Eýran parlamentiniň deputatlary heniz bu resminamany gol çekmedi. Konwensiýa hazarýaka döwletleriniň ählisiniň oňa gol çekmegi netijesinde güýje girer.

Hazaryň derejesiniň kesgitlenilmändigi uzak ýyllaryň dowamynda Hazarüsti gaz geçirijisini gurmakda esasy bökdençlik boldy. Bu gaz geçiriji Türkmenistandan tebigy gazy Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermek üçin niýetlenendir.

Meňzeş täzelikler

2014