Ýetmiş ýyl hyzmatda

Ýakynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkan nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi ýubileý belledi. Jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly çärede müdirligiň öňdebaryjy işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Müdirlik ýetmiş ýyl mundan öň döredildi. Bu müdirlik ýokary öndürijilik rekordlarynyň we täzeçillikleriň öňbaşçysy boldy, ol özüni ýurduň iň iri nebitçykaryş sebitiniň iň gowy ugurdaş kärhanasy hökmünde ykrar etdirdi.

Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligiň taryhynda ýatda galyjy sahypalar kän ýazyldy. Bu taryhy ady rowaýata öwrülen adamlaryň atlary we öňdebaryjy hünär üstünlikleri düzýär. Olar nebitgazçylaryň ençeme nesilleri üçin nusgalyk mekdep, döretmäge we gözleglere iterýän güýç boldular. Bu ýerde guýularyň gurluşynyň ýokary depginini üpjün eden şöhratlanan zähmet toparlary işlediler we häzir hem iş alyp barýarlar.

Häzirki wagtda müdirligiň alyp barýan işiniň has işjeň ugry 30-dan gowrak känlerde ýaýbaňlanandyr.

Bu ýerde hereket edýän iň täze tehnikalar müdirligiň we beýleki guramalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga düýpli goşant goşýar. Soňky döwürde müdirlik tarapyndan sementleýän kämil enjamlaryň birnäçesi satyn alyndy. Netijede 2019-njy ýylyň başyndan bäri agregat işleriniň hyzmatlary üçin özleşdirilen serişdeler meýilleşdirilen 33 mln 870 müň manada derek 60 mln 27 müň manada deň boldy. Meýilnama 177,2 göterim ýerine ýetirildi, ösüş depgini 22 göterim boldy.

Kärhananyň mümkinçiliklerini berkitmekde, nebiti çykarmak üçin kuwwatly binýady döretmekde, döwletimiziň mineral-çig mal binýadynyň önümçiliginde bu günki gün hem burawçylar toparynyň işi möhüm ähmiýetini ýitirenok.

 

Meňzeş täzelikler

2014