Türkmenistanyň makroykdysady görkezijileri 9 aýda ýokarlandy

Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berildi.

Wise-premýer Goçmyrat Myradowyň habar berşi ýaly, jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Ministrlikler we pudak edaralary boýunça görkezijileriň seljermesiniň netijelerine laýyklykda, ýanwar — sentýabr aýlarynda, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim artdy.

Dokuz aýyň netijeleri boýunça ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde hem ösüş gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň düzüminde onuň paýy 65,7 göterime ýetdi.

Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 19,1 göterim artdy.

Daşary söwda dolanyşygynda hem oňyn netijeler gazanyldy. Bu görkezijiniň 2,8 göterim ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä 9,6 göterim ýokarlandy.

Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň, desgalaryň gurluşygy alnyp barlyp, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 27,3 milliard manada barabar boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde hem, ozalkysy ýaly, Prezident maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzda durmuş-ykdysady meseleleri çözmäge, täze kärhanalary gurmaga we bar bolanlarynyň durkuny täzelemäge örän uly möçberde maýa goýumlary goýulýar. Tutuş ýurdumyz boýunça bu maýa goýumlarynyň möçberi 30 milliard manada golaýdyr. Iri içerki hem-de halkara taslamalary amala aşyrmak işi dowam edýär.

Geçen döwrüň dowamynda bahasy 10 milliard manatdan gowrak bolan 79 sany iri desga, bir million inedördül metre golaý ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary we beýleki desgalar ulanylmaga berildi diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Häzirki döwürde hem umumy bahasy 34 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2 müňden gowrak iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, iri gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, howa menzilleriniň, ýollaryň hem-de iri köprüleriň gurluşygy bar.

Daşary ýurtlardan getirilýän önümleri özümizde öndürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi netijesinde, eksportyň möçberi 7,5 göterim köpeldi, importyň möçberi bolsa 5 göterim azaldy.

Milli manadymyzyň hümmeti durnukly derejede, içerki bazarlarda harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhy pes derejede saklandy. Ýaşaýyş-durmuş ulgamyna gönükdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi artdyryldy diýip, döwlet Baştutany nygtady.

 

Meňzeş täzelikler

2014